Tagtabazaryň Kerpiç zawodynda iş agyr, töleg ujypsyz
Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynda ýerleşýän döwlete degişli #9-njy gurluşyk gurnama müdirliginiň bu kerpiç zawodynyň işgärleri howanyň iň maýlan häzirki günlerinde, iş tertibi boýunça ýylyň iň gyzgalaňly günlerini başdan geçirýärler. Kerpiçe talap köp, zawodyň jemi 20-25 adamdan ybarat işçiler topary bolsa talaby ödärden ejiz. Zawodyň işgärleriniň aýtmaklaryna görä, töleg az bolansoň, adamlar zawoda işe girmäge höwesli däl. Zawodda wagonetka diýilip atlandyrylýan bir tigirjigi doldurany üçin, işgärlere diňe bir manat tölenýär. Her tigirjige bolsa 284 kerpiç girýär. Işiň agyrdygyna garamazdan, zawodda kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlary we zenanlaryda görmek bolýar.
Epizodlar
-
Noýabr 18, 2025Täjigistanda türkmenler nar ýetişdirip, güzeran aýlaýar
-
Aprel 07, 2025Daşoguzda güýçli duzly tupan turdy
-
Mart 31, 2025"Hirurg bolmagy arzuw edýärdim, ýöne kurýer boldum"
-
Fewral 06, 2025“Gyzymyň gümürtik ölüminiň derňew işi bes edildi” - Gülälek