Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Asma al-Assadyň suratlary gazap döretdi


Asma al-Assad
Asma al-Assad
Eger-de suratdaky aýal maşgalanyň kimdigini bilmeýän bolsaňyz, oňa ilkinji gezek seredeniňizde juda bir mähirli, mylaýym bir maşgalanyň keşbi göz öňüne gelýär. Suratlarda bu zenanyň bosgunlara çaý-çörek berýän, garry eneleri gujaklaýan, çagalara ýakymly nazar bilen garaýan pursatlaryny görmek bolýar.

Emma bu gürrüňi gidýän aýalyň ady – Asma al-Assad. Onuň adamsy, ýagny Siriýanyň lideri Başar al-Assad soňky iki ýyl bäri dowam edýän graždanlyk urşunda ýurduň gana çaýkalmagyna ýolbaşçylyk edýär. Bu konfliktde häzire çenli 100 müňe golaý adam janyndan jyda düşdi, millionlarçasy hem öýlerini terk edip, Siriýadan gaçyp çykmaga mejbur boldy.

Asmanyň suratlary Instagram sosial ulgamyndaky ýaňy-ýakynda döredilen “Siriýanyň prezidenti” hasabynda ýerleşdirildi. Şol bir wagtda Assadyň hökümetiniň ulandy diýilýän himiki hüjümi zerarly halkara jemgyýetçiliginiň ýazgarmasy barha artýar, şeýle-de ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama muňa harby gaýtawul berjekdigini söz berýär.

Şeýle mazmunly suratlary ýerleşdirmek bilen, Assadyň maşgalasy, hamala, Siriýda adatdan daşary hiç bir zadyň bolmaýandygyny görkezmek isleýän ýaly görünýär.

Günbataryň habar serişdeleri gürrüňi gidýän bu suratlary “hopukdyryjy” we “ýasama” diýip häsiýetlendirdiler.

Teswirler

Internet älemi hem bu suratlary gahar-gazap bilen garşylady. Asmanyň suratlaryna goýlan teswirleriniň aglabasy çap ederden ýa-da agzardan öte geçýär. Kommenatarileriň käbiri arapça bolsa, käbiri hem iňlisçe. Teswirleriň käbiri raýdaşlyk görkezse-de, olaryň aglabasy juda gazaply äheňde ýazylypdyr.

Britaniýada doglan Asmanyň bir çaga çorbaly tabagy uzadyp duran suratynyň aşagynda britaniýaly biri: “Men seniň soňundan bu oglanjyga paýyş sözler bilen sögünendigiňi arkaýyn aýdyp biljek. Ýa-da sen oňa zäherlenen çorba beren bolaýma?! Eger-de sen heniz hem Britaniýanyň raýaty bolsaň, men özümiň britandygyma utanýaryn. Hä, hawa, Asma, eger-de sen birden Britaniýa dolanmakçy bolaýsaň, sen ýurtdan tabyda salnyp çykarylarsyň. Jähennemde ýan!” diýip, teswir galdyrypdyr.

Seslenme ýazanlaryň başga biri: “Muny beýtmek bilen, sen özüňi az günäli duýýarmyň?” diýen soragy galdyrypdyr.

Çagalar

Asmanyň çagalaryň bir topary bilen basketbol oýnamaga taýýarlanýan pursaty hem köp sanly gaharly reaksiýalary döretdi. Teswir galdyranlaryň köpüsi 21-nji awgustda amala aşyrylan himiki hüjümde öldürilen çagalaryň suratlary bilen deňeşdirme getirdiler.

Seslenmeleriň birinde: “Hä, men indi düşündim. Sen gaz bilen zäherläp ödürmezden ozal, şol çagalaryň mydamalyk ýatda galmagy üçin, olary surata alýaň gerek?! Bu nähili ajap” diýilýär.

Şeýle-de surata: “Sen öz öldüren çagalaryň suratyny hem alýansyň-a?! Haý, seniň-de, Başar al-Ganym diýsäni!” diýlen teswir-de goýlupdyr.

Başga bir kommentaride bolsa: “Diýmek bular seniň ýoklan çagalaryňy ýatladýar-da?” diýlen sorag galdyrylypdyr.

Asma özüni mahabatlandyrmak üçin mundan ozal hem media serişdelerinden peýdalanypdy. Amerikanyň “Vogue” neşiriniň 2011-nji ýylyň ýazynda çap bolan sanynda “Çölüň bägüli” sözbaşysy bilen Asmanyň suraty çykypdy. Şol aýyň özünde-de Siriýanyň režimi hökümete garşy protestçileriň gozgalaňyny gazaply basyp ýatyrmaga girişdi. Adam ýitgileriniň barha artmagy bilen, agzalan neşir özüniň websaýtyndan gürrüňi edilýän suraty aýyrdy.
XS
SM
MD
LG