Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň $36.5 millionlyk okyjysyz kitaphanasy


Mary welaýat kitaphanasy
Mary welaýat kitaphanasy
Mary şäheriniň Ruhyýet köşgüniň ýanynda ýerleşýän Mary welaýat kitaphanasy arhitekturasynyň üýtgeşikligi bilen adamlaryň ünsüni özüne çekýär. Melewşe gülüň şeklinde gurlan bu kitaphana Mary şäheriniň iň owadan binalarynyň biri.

Kitaphana diňe daşy däl, içiniň owadanlygy bilen hem tapawutlanýar. Milli äheňde bezelen kitaphananyň birinji gatynda bäş sany okalga zaly bar, çagalary bilen baran okyjylar üçin çagalar otagy hem gurlupdyr.

Mary welaýat kitaphanasynyň içi
Mary welaýat kitaphanasynyň içi
Onuň ikinji gatynda bolsa dört sany uly we iki sany kiçi okuw zallary, karta we elektron kataloglar, türkmen kitabynyň taryhy muzeýi, iki sany konferensiýa zaly ýerleşýär. Olaryň biri 300 adamlyk ikinjisi bolsa 50 adamlyk.

Kitaphananyň üsti gül ýaly bolup açylýar we üçünji gatynda ýörite asmany öwrenýän obserwatoriýa ýerleşýär. Üç gatyň üçüsinde-de täze informasion tehnika bilen üpjün edilen internet otaglary bar.

Umumy meýdany 13700 kw metrlik kitaphanada 3 million kitap saklamana mümkinçilik bar we ol birbada 600 adama hyzmat edip bilýär. 36.5 million dollar töweregi çykdayjy bilen gurlan bu kitaphana 2011-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne ulanylmaga berildi.

Okyjy azlygy

Aradan iki ýyl töweregi wagt geçdi, emma kitaphananyň ähli amatlyklaryna garamazdan, onuň okyjylaryň ünsüni ýeterlik derejede çekendigini aýtmak kyn. Kitaphananyň Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan bir işgäriniň aýtmagyna görä, ortaça aýdylanda, kitaphana her gün 10-15 adam gelýär.

Mary welaýat kitaphanasynyň içi
Mary welaýat kitaphanasynyň içi
Olaryň aglabasy hem rus dilini bilýän ýaşy bir çene ýeten adamlar. Onuň sebäbi hem kitaphananyň fondundaky kitaplaryň aglabasynyň köne SSSR döwründen galan rus dilindäki kitaplardygy bilen bagly diýip, kitaphananyň bir işgäri aýtdy.

Emma garaşsyzlyk döwründe ýaşlaryň, hususanam welaýatlarda ýaşaýan ýaşlaryň, aglabasynyň rus dilini bilmeýändigi, az kem bilýän hem bolsa, olaryň kitap okarlyk derejede däldigi aýdylýar. Ýurt garaşsyzlyga gowuşaly bäri Türkmenistanyň ýeke-täk resmi dili - türkmen dili.

Gazet-žurnallaryň, tele-radio gepleşikleriniň, okuw programallarynyň ählisi diýen ýaly türkmen dilinde, welaýatlardaky ýörite rus dilli mekdepler ýapyldy, onsoň häzirki ýaşlaryň, onda-da welaýatlarda ýaşaýan ýaş nesliň aglabasy rus dilini kämil derejede bilmeýärler.

Kitaplar

Kitaphananyň 600 müň töweregi diýlip aýdylan kitap gaznasynda goýlan türkmen dilindäki kitaplaryň sany bolsa gaty ujypsyz, okyjylara hödürlenýän türkmen dilindäki kitaplaryň aglabasy hem hökümetiň sýyasatyny mahabatlandyrýan propaganda äheňindäki kitaplardan ybarat.

Bu hem öz nobatynda ýaşlaryň kitaphanadaky kitaplar bilen garaşylan derejede gyzyklanmazlygyna sebäp bolýar. Wagtal-wagtal kitaphana gelýän ýaşlaryň aglabasynyň-da kitaplar bilen o diýen däl-de, binadaky kompýuter mümkinçiligi bilen gyzyklanýandygy aýdylýar. Ýöne ol ýerde henize çenli kompýuterler internede birikdirilmedik.

Emma kitaphana we kitaplar bilen adamlaryň gyzyklanyşy resmi çeşmelere görä, has ýokary. 16-njy awgustda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ýolbaşçylar şu ýylyň diňe ýedi aýynyň dowamynda ýurtdaky kitaphanalaryň okyjylarynyň sanynyň 2 million 400 müň adama ýetendigini habar berdiler.

Bu maglumaty, elbetde, Mary şäheriniň welaýat kitapahanasyndaky ýagdaý tassyklamaýar, emma Mary şäherindäki bu kitaphanadan başga hem tutuş ýurtda 230 kitaphananyň hereket edýändigi we olarda jemi 10 million töweregi dürli neşirleriň halk köpçüligine hödürlenýändigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG