Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Siriýa boýunça duýduryş berýär


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, 2013-nji ýylyň 12-nji sentýabry.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin, 2013-nji ýylyň 12-nji sentýabry.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň Siriýa garşy islendik harby zarbalarynyň dünýädäki tertip-düzgüni bozup, “terrorçylygyň täze bir tolkunynyň emele gelmegine itergi berip biljekdigini” düýdurdy.

Putiniň "The New York Times” gazetinde ýazmagyna görä, eger “täsirli ýurtlar BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi tarapyndan makullanmazdan harby çärelere girişseler”, BMG-niň özünden öňki guramanyň - Milletler Ligasynyň ykbalyny gaýtalap biljekdigini duýdurdy.

Duýduryş

Putiniň sözlerine görä, harby zarbalar “Eýranyň ýadro programmasy bilen bagly meseläni we Ysraýyl-Palestin konfliktini çözmek boýunça köptaraplaýyn tagallalara zarba urup, Ýakyn Gündogardaky we Demirgazyk Afrikadaky dartgynlylygy hasam güýçlendirip biler”.

Putiniň bu kommentariýalary Siriyanyň himiki ýaraglaryny ýok etmek we ABŞ-nyň harby zarba urmagynyň öňüni almak barada Orsýetiň we ABŞ-nyň arasynda penşenbe güni geçirilýän gepleşikleriň öňüsyrasynda edildi.

Damask özüniň himiki ýaraglaryny halkara gözegçiligine tabşyrmaga we ýok etmäge razylyk berdi. Şol bir wagtda-da, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Siriýa garşy harby çärelerden saklanyp, diplomatiýa ýol berýändigini aýtdy.

Günäkär kim?

Putin "The New York Times” gazetinde çap bolan makalasynda 21-nji awgustda Damaskyň golaýynda bolan himiki hüjümlerde gozgalaňçylaryň eliniň bardygyny görkezýän “deliller ýeterlik” diýip, ýene-de gaýtalady. Waşington şol hüjümlerde 1400 adamyň heläk bolandygyny aýdýar we Siriýanyň hökümetini günäleýär.

Şeýle-de, Putin Amerikanyň “aýratynlyklary” barada durup geçdi. Putin “dünýä ýüzünde millionlarça adam Amerika demokratiýanyň nusgasy hökmünde garamaýar-da, ol esasan güýje daýanýar diýip hasaplaýar”, diýip belledi.

Barak Obama sişenbe güni eden çykyşynda Siriýada bolan himiki hüjümlerde Assadyň režiminiň günäkärdigini aýdyp, Amerikanyň ideallarynyň we prinsipleriniň Siriýada “howp astyndadygyny” nygtady.

Ak Tamyň metbugat wekili Jaý Karneý Obamanyň kommentariýalarynyň diplomatik aktiwligi üçin “itergi berendigini” aýtdy we “iki gün mundan öň Siriýanyň himiki ýaraglarynyň bardygyny hatda boýun hem almandygyny” belledi.

Ženewadaky duşuşyk

Wladimir Putiniň soňky kommentariýalary Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň we ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň Ženewda duşuşyk geçirmäge taýýarlanan wagtyna gabat geldi. Bu gepleşiklerde ýaraglara halkara gözegçiligini etmek meselesi barada pikir alşylmagyna garaşylýar.

Sergeý Lawrow penşenbe güni Gazagystana eden saparynyň dowamynda Ženewadaky gepleşiklere Orsýetiň we ABŞ-nyň himiki ýaraglar boýunça bilermenleriniň, şeýle-de, belki BMG bilen Arap Ligasynyň wekili Lahdar Brahiminiň hem gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Lawrow “Siriýa Himiki ýaraglar boýunça konwensiýa goşulmaly, ekspertler görüljek çäreleri şunuň esasynda kesgitlemeli” diýip belledi.

Jon Kerriniň Waşingtondan gaýtmagynyň öňüsyrasynda Döwlet departamentiň metbugat wekili Jen Psaki “biziň maksadymyz teklibiň düýplüdigine göz ýetirmekden, onuň amala aşyrylmagynyň aýratynlyklary barada gepleşmekden we himiki ýaraglary barlamagyň, howpsuzlygyny üpjün etmegiň we olary ýok etmegiň mehanizmlerini maslahatlaşmakdan ybarat” diýip belledi.

Oppozisiýanyň garaýşy

Bu inisiatiwa Siriýanyň oppozision Milli koalisiýasy tarapyndan ret edildi. Koalisiýa halkara teklibini Assadyň režimini ABŞ-nyň zarbalaryndan halas etmek üçin “syýasy pirim” diýip atlandyrdy.

Azat Siriýa goşunynyň lideri Selim Idris Assady we onuň Orsýetdäki ýaranlaryny ýalançylykda aýyplady.

“Biz zarbalara çagyrýarys we režimiň ýalan sözleýändigini, ýalançy Putin hem onuň mugallymydygyny duýdurýarys” diýip, Idris penşenbe güni “Al-Jazeera” telewideniýesinde eden çykyşynda aýtdy.
XS
SM
MD
LG