Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Möwsümiň meşhur filmleri


Kinoteatryň zaly
Kinoteatryň zaly
Güýz paslynyň gelmegi bilen howa sowap başlaýar. Howanyň sowamagy bilen adamlar köp wagtyny açyk ýerlerde, ýagny dynç alyş seýilgählerinde däl-de, ýapyk jaýlarda kafedir-restoranlarda ýa-da söwda merkezlerinde, teatrlarda we kinoteatrlarda geçirýärler.

Şeýlelikde, kinoteatrlarda görkezilýän täze filmleriň sany hem göz-görtele artyp başlaýar.

Olardan biri ýakynda täze çykan amerikan filmleriniň biri “A Teaсher” ýagny, “Mugallym”. Bu drama görnüşinde surata düşürilen filmdir. “Mugallym” filmi 6-njy sentýabrda dünýäniň birnäçe ýurtlarynyň kinoteatrlarynda görkezilip başlandy.

Bu filmde bir orta mekdep mugallymynyň öz okuwçysy bilen gatnaşyga girip, ondan soň olaryň aýrylyşy we mugallymyň şondan soňky durmuşy beýan edilýär.

Filmiň baş rollarynda Lindsaý Burdge, Will Brittain, Jennifer Prediger ýaly aktýorlar oýnaýarlar. Filmiň režissýory Hannah Fidel.

Fransuz filmi

Indiki kinofilm fransuz filmi bolup, ol hem 6-njy sentýabrdan başlap kinoteatrlarda görkezilip başlandy. Filmiň ady “Iň soňky moda söýgi”. Flimiň režissýory Deýwid Moreu we baş rollarda Wirjini Efira, Pier Niniý, Çarles Berling ýaly aktýorlar oýnaýarlar. Filmde moda žurnalynyň redaktory Alisiň işinde üstünlik gazanmak üçin başda bir ýaş oglany aldap, oňa özüni söýdürişi we oýun bilen başlan söýginiň soňra hakykata öwrülişi görkezilýär.

Gürrüňini etjek ýene-de bir kinofilmimiz bolsa bir türk filmi, onuň ady - “Häzirki döwür”. Bu film hem 6-njy sentýabrda kinoteatrlarda görkezilip başlandy. Filmiň režissýory Belmin Söýlemez, onuň baş rollarynda Sanem Öge, Şenaý Aýdyn, Ozan bilen ýaly aktýorlar oýnaýarlar.

Bu filmde işsiz we durmuşda gowulyga umydyny ýitiren Mina atly zenanyň ýaşaýşy beýan edilýär. Ol Amerika gidip, şol ýerde täze durmuşa başlamak üçin pul ýygnap ugraýar. Onsoň ol Türkiýäniň türk kofesi satylýan dükanynda kofe içilen käsäniň düýbünde galan kowe şemmesine garap, pal atýançy bolup işlemäge başlaýar. Filmde Minanyň şundan soňky durmuşy görkezilýär.

“Ölümsiz polisiýalar”

Indiki film bolsa oglanlaryň has köpräk halaýan filmlerinden biri. “RIPD”, ýagny “Ölümsiz polisiýalar” filminde "Nick Walker" atly polisiýa ofiseriniň öz ölüminden soň, o dünýäde özüni öldüren adamyny agtaryp ýörä başdan geçiren wakalary suratlandyrylýar.

Bu film Peter M. Lenkowyň multfilminden adaptirlenip, ýagny çeper film žanryna uýgunlaşdyrylyp, surata düşürlipdir. Filmiň režissýory bolsa, “Uçuş plany”, “Red” ýaly kinofilmleriň režissýory, germaniýaly Robert Şwenkdir. Filmiň baş rollarynda Raýn Reýnolds, Robert Knepper, Kewin Bekon ýaly aktýorlar bar.

Geçen hepdäniň dowamynda kinoteatrlarda görkezilip başlanan filmleriň arasynda agzalanlardan başga-da “Bir arzuwymyz bardy” atly britan, “El ele” atly fransuz, “Karaýel Poýraz” atly türk hem-de“Şeýtanyň geçidi” we “Durmuşa çykmadyk zenanlar” atly amerikan filmleri bar.
XS
SM
MD
LG