Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Flex" synaglary başlandy


"Flex" programmasynyň logotipi
"Flex" programmasynyň logotipi
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky konsulhanasynyň Halkara Bilim bölümi orta mekdep okuwçylary üçin niýetlenen “Flex” programmasy üçin synaglaryň başlanandygy barada habar berýär. Bu programma Birleşen Ştatlaryň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky konsulhanasynyň websahypasynda bellenilýär.

“Flex” programmasynyň çäginde Türkmenistandaky orta mekdepleriň 8-9-10-njy synp okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirilýär. Bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylar 2014-2015-nji okuw ýylynyň dowamynda bir amerikan maşgalasynyň ýanynda ýaşmaga we amerikanyň orta mekdebinde okamaga mümkinçilik gazanarlar.

Agzalýan websahypada bellenmegine görä, bäsleşikde ýeňiji bolan okuwçylaryň ähli ýol çykdajylary, Amerikada ýaşaýyş jaý üpjünçiligi we şol ýerde ýaşamak üçin sowalga puly gürrüňi edilýän programma tarapyndan tölener.

ABŞ-nyň Aşgabatdaky konsulhanasynyň websahypasynda “Biz 1-nji ýanwar 1997-nji ýyl bilen 15-nji iýul 1999-njy ýyl aralygynda doglan ähli okuwçylaryň bu bäsleşige gatnaşmagyna çagyrýarys” diýip, agzalýan programma gatnaşyp biljek ýaşlaryň doglan ýylyna degişli çäklendirmeler bellenilipdir.

Gatnaşyjylardan edilýän talaplar

“Flex” programmasyna gatnaşyjylardan talap edilýän şertleriň ýene biri – bäsleşikde üstünlik gazanan okuwçy soňky bäş ýylyň dowamynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda üç aýdan köp wagtlap ýaşan bolmaly däl. Şeýle-de edilýän talaplaryň arasynda onuň iňlis dilini kanagatlanarly derejede bilmelidigi hem bar.

Agzalýan programmanyň bäsleşigine gatnaşmak isleýän okuwçynyň synag merkezine baranda, dogluş hakyndaky şahadatnamasyny ýa-da pasportyny öz ýany bilen alyp barmalydygy aýdylýar. Bu talap okuwçynyň şahsyýetini anyklamak üçin wajyp hasaplanýar diýlip, agzalýan websahypada bellenilýär.

Şeýle-de synag merkezine baran okuwçylaryň öz ýany bilen ýakynda düşen 3x4 santimetr ululykdaky suratyny we bir sany galamy alyp barmagy talap edilýär.

Fiziki taýdan şikesliler hem gatnaşýar

ABŞ-nyň Aşgabatdaky konsulhanasynyň websahypasynda berilýän maglumata görä, “Flex” programmasy gürrüňi edilýän talaplary ödeýän ähli orta mekdep okuwçylary, şol sanda fiziki taýdan şikesliler (maýyplar) üçin hem açykdyr.

Şeýle-de, bu programma boýunça fiziki taýdan şikesli çagalaryň eýýäm 220-den gowragy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda okady diýlip, ABŞ-nyň Aşgabatdaky konsulhanasynyň websahypasynda bellenilýär.

Bu websahypada berilýän maglumata görä, programmanyň Ahal welaýaty boýunça synag merkezi Tejen şäherçesiniň 32-nji mekdebinde bolup, ol 22-nji sentýabrda sagat 9-da geçirilipdir. Onuň Daşoguz welaýaty boýunça synag merkezi Daşoguz şäheriniň 2-nji mekdebinde bolup, ol 29-njy sentýabrda sagat 9-da geçirilipdir.

Synaglaryň geçirilýän merkezleri

Balkan welaýaty boýunça synag merkezi iki mekdepde geçiriler. Olaryň birinjisi Türkmenbaşy şäheriniň 10-njy mekdebinde bolup, ol 13-nji oktýabrda sagat 9-da geçiriler. Ikinjisi bolsa Balkanabat şäheriniň 3-nji mekdebinde bolup, ol 20-nji oktýabrda sagat 9-da geçiriler.

Mary welaýaty boýunça synag merkezi Mary şäheriniň 19-njy mekdebinde bolup, ol 3-nji noýabrda sagat 9-da geçiriler.

Lebap welaýaty boýunça synag merkezi Türkmenabat şäheriniň 2-nji mekdebinde bolup, ol 10-njy noýabrda sagat 9-da geçiriler.

Aşgabat şäheri boýunça synag merkezi paýtagtyň 20-nji mekdebinde bolup, ol 17-nji noýabrda sagat 9-da geçiriler.

Goşmaça maglumatlary 97-10-16 we 97-10-21 telefon belgilerine jaň edip alyp boljakdygy websahypada bellenilýär.

Şeýle-de bu barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Aşgabatdaky konsulhanasynyň Halkara Bilim bölüminiň websahypasyndan doly maglumat alyp boljagy aýdylýar. Onuň e-mail belgisi: http://americancouncilstm.org
XS
SM
MD
LG