Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Smartfon ulanyjysy öz telefonyndaky "Facebook" sosial ulgamyny görkezýär.
Smartfon ulanyjysy öz telefonyndaky "Facebook" sosial ulgamyny görkezýär.
Angliýanyň Oksford uniwersitetiniň bilermenleriniň geçiren barlaglaryna görä, internet Google hem-de Facebook “imperiýalary” tarapyndan dolandyrylýar. Bu barada “Amerikanyň sesi” websahypasynda bellenilýär.

Agzalýan uniwersitetiň bilermenleriniň geçiren barlaglary netijesinde Google Günbatar ýurtlarynyň we Hindistanyň esasy böleginde agalyk edýär. Facebook bolsa, esasan, Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Afrikada we Amerikanyň ispan dilli ýurtlarynda öz agalygyny ýöredýär.

“Facebook sosial ulgamynyň, dünýä internet bazarynyň uly bölegini eýeländigine garamazdan, bilermenler onuň örän meşhur bolan ýurtlarynda-da Googlyň-de gaty yza galmaýandygyny belleýärler” diýlip, “Amerikanyň sesi” websahypasy ýazýar.

Barlaglaryň netijelerinde munuň sebäbi hakda şeýle diýilýär: “Facebook sosial ulgamynyň agdyklyk edýän 50 ýurdunyň arasyndaky 36 döwletde internet ulanyjylaryň iň köp girýän websahypalarynyň hatarynda ikinji orunda Google durýar. Olaryň 14-sinde bolsa ikinji orny Youtube wideopaýlaşmak websahypasy eýeleýär. Youtube websahypasyna häzirki wagtda Google eýeçilik edýär.”

Mälim bolşy ýaly internet soňky ýyllarda türkmen ýaşlarynyň arasynda hem giňden peýdalanylyp başlandy. Şol sebäpden hem biz her hepde türkmen ýaşlarynyň internetde, has dogrusy, sosial saýtlarda we websahypalarda gozgan meseleleriniň käbirleri barada gürrüň edýäris.

“Facebook”

Facebook sosial ulgamyna Türkmenistandan girmek belli bir derejede kyn we ýurtda onuň meşhurlygy az bolsa-da, Facebook daşary ýurtlarda okaýan ýa-da ýaşaýan türkmenistanlylar tarapyndan giňden ulanylýar.

“Ene dilim” topary Twitter sosial ulgamyndan, ýadyňyza düşýän bolsa gerek, geçen hepde bu topar Facebook sosial ulgamynda hem öz ýörgünliligini dowam etdirdi. Bu sosial ulgamynyň 4-nji oktýabrda “«Balyk başyndan porsar»” diýen nakyly jemi dokuz sapar halandy. Olaryň arasynda Nowruz Agaýew, Ýakub Baýat, Maral Türkmen, Mehmet Çyraçy, Eziz Nurow ýaly agzalar bar.

“Vkontakte”

“Vkontakte” sosial ulgamynda hem dördünji oktýabrda “Joşgunly ýürek” atly topar Iosif Brodskiniň “Oktýabr gamgynlygyň we sowuklamanyň aýy” diýen sözlerini paýlaşýar. Bu sözler sosial ulgamyň ulanyjylarynyň arasynda käbir diskussiýalary döredipdir.

Sosial ulgamyň Bahar Myradowa atly okyjysy munuň “Nädogrudygyny” ýazypdyr. Ýakup Atabalow atly agza bolsa, “Bahar, belkem ol dogrudyr” diýip, teswir galdyrypdyr.

Şondan soň Bahar ýene bir sapar öz teswirini galdyrypdyr. Ol onda şeýle diýýär: “Ýok, dostlar, siz ýalňyşýarsyňyz. Mende hemme zat gül ýaly, hiç hili gamgynlyk ýok, Allaga Şükür”

Ýakup bolsa Bahara: “Bahar, her kimde her hili bolýar. Mende-de gamgynlyk ýok, emma sowuklama bar” diýip, jogap galdyrypdyr.

“Twitter”

Twitter sosial ulgamynda soňky günlerde sosial ulgamynyň agzalarynyň arasynda “ýaş wagtym” diýen sözüniň öňünden ”haş täg” alamatyny goýup, öz ýaş wagtynda ýörgünli bolan ýa-da ýaşlygyny ýatladýan tweetleri paýlaşmak barha ýörgünleşýär.

Türkmen atly agza “Student wagtymyz gije suw açyk galyp, aşaky goňşa suw geçse, 3-4 günläp oglanlar öye gelenokdylar :)))” diýip paýlaşan tweeti sosial ulgamyň Halyl Kulyýew, Azat Rahmanow we Jeýhun atly agzalary tarapyndan retweet edilipdir, ýagny gaýtadan çap edilipdir.

Şeýle-de Twitterde ”Türkmençe Ýaz” toparynyň 7-nji oktýabrda “Durmuşyňyzdan käbir ýatlamalary pozmak üçin ilki bilen şol wakalaryň bolan döwründe diňleýän aýdymlaryňyzy pozuň...” diýip paýlaşan tweeti jemi bäş sapar retweet edilip, iki sapar hem halanypdyr. Şeýle-de oňa Agajan Akyýew atly agza “Gowy diýdiňaý şuny” diýip, jogap galdyrypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com-da” bolsa Emerald Lady atly agzanyň “Ýigitler, ýene-de söýgi hakda” diýip gozgan temasy 4-nji oktýabr bilen 9-njy oktýabr aralygynda jemi 1245 sapar okalypdyr we 246 sapar hem halanypdyr. Beýle köp okalmagynyň sebäbi näme diýýän bolmagyňyz mümkin. Onuň jogaby söýgi, deň-duşlar, söýgi!!! Ýagny, temada söýgi, romantika hakda gürrüň edilýär. Onda-da, bu temada oglanlardan söýgi hakdaky duýgularyny beýan etmekleri, olaryň romantikmi ýa-da däldikleri barada gürrüň bermekleri soralýar.

Temanyň tanyşdyrylyş mazmunynda şeýle diýilýär: “Ertir.com-yň” hormatlanýan, şadyýan hem şahandaz ýigitlerine sorag?!---Siz romantikmi?--- Eger söýen bolsaňyz, ilkinji söýgi teklibiňizi nähili aýdypdyňyz?! Eger-de entek söýmedik bolsaňyz, we öz söýgüňize duşjak günüňize garaşýan bolsaňyz we şol melegiňize duşan günüňiz, söýgüňizi nähili beýan etmekçi?! Pikirleriňize teswirlerde diňe men däl ähli ertirçi gyzlar bolup garaşýarys!!!” diýilýär.

Söýgi ýaşlaryň arasynda iň köp gürleşilýän tema bolaýmasa? Muny belli bir derejede bu tema gelip gowşan teswirlerden hem aňsa bolýar. “Ertir.com-yň” Garabekewül atly agzasy “Edil romantiga däl, söýýänimem başda çalaja duýdurypdym... galanyny özem duýdy:-)” diýip, teswir galdyrypdyr.

Sosial ulgamyň Menbegli atly agzasy bolsa “Meniň maşynym bar ýesli çto diýip gaýdardym” diýipdir. Garaz, bu tema gelen gyzykly jogaplar dowam edýär. Sizem öz teswiriňizi galdyrmak isleseňiz, bu tema “Ertir.com-da” heniz hem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG