Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bugaýew: "Olar sylaga mynasyp däl"


Puluň döredijilikden agyr basýandygyny şekillendirýän surat
Puluň döredijilikden agyr basýandygyny şekillendirýän surat
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Balkan welaýatynda garaşsyzlygyň 22 ýyllygyna bagyşlanyp, Prezident Berdimuhamedow “milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşanlara” diýen kesgitleme bilen döwlet işgärlerleriniň käbirlerine hormatlanýan atlary dakdy.

Şol atlara eýe bolanlaryň arasynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet drama teatrynyň işgäri Babageldi Rejepow, Garagum žurnalynyň redaktory Orazguly Annaýew, Miras teleýaýlymynyň işgäri Nursoltan Annamyradowa, Amangözel Şagulyýewa ýaly ençeme döwlet işgärleri bar.

Eýsem, hormatlanýan atlar nämäniň netijesinde we näme nazara alnyp dakylýar?

Azatlyk Radiosy şu we beýleki soraglar bilen gyzyklanyp, edebiýat sungatyna 40 ýylyny bagş eden we Türkmenistanyň ýazyjylar bileleşiginiň öňki ýolbaşçysy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:06 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG