Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan oppozisiýasy "besdir" diýýär


Baku. Oppozisiýa kandidaty Jamil Hasanlynyň protest aksiýasy
Baku. Oppozisiýa kandidaty Jamil Hasanlynyň protest aksiýasy
Oppozisiýa aktiwistleri Azerbaýjanyň paýtagtynda prezident Ylham Alyýewiň uly saýlaw ýeňşini gazanmagyna garşy demonstrasiýa geçirdiler.

Bu demonstrasiýa şenbe güni Bakuwyň Ýasamal etrabyndaky Mehsul stadionynyň içinde boldy.

Polisiýa oňa ýygnananlaryň 1500 bolandygyny aýdýar, emma guramaçylar demonstrasiýa 15 müň adam gatnaşdy diýýärler.

Demonstrantlar bileleşip, «işden çekil, işden çekil» diýip gygyryşdylar.

Bu demonstrasiýany oppozisiýadaky Demokratik güýçleriň Milli geňeşi gurnady we oňa häkimiýetler tarapyndan rugsat berildi.

Azatlyk radiosynyň Azeri gullugynyň habaryna görä, demonstrasiýanyň soňunda polisiýa on çemesi aktiwisti gysga wagtlyk tussag etdi. Olar stadionyň daşynda hökümete garşy şygarlara gygyrdylar.

9-njy oktýabrda geçirilen prezident saýlawynda Milli geňeşiň kandidaty bolan Jamil Hasanly saýlaw netijeleriniň bikanun hasaplanmagyna çagyrdy:

"Adalatlylyga, kanunlara, ahlaga sygmaýan bir hadysa boldy. Adamlaryň saýlaw hukugy ogurlandy. Olaryň öz hökümetlerini gurmak hukuklary talandy we häkimiýet basylyp alyndy."

Jamil Hasanlynyň protest aksiýasy. 12.10.2013.
Jamil Hasanlynyň protest aksiýasy. 12.10.2013.
Hasanly bu bolan zatlar baradaky hakykaty dünýä ýaýmak üçin gelýän günlerde Birleşen Ştatlara we Ýewropa syýahat etjegini aýtdy.

Ol Milli geňeşiň syýasy we kanun çäreleri arkaly öz göreşini dowam etdirjegini hem sözüne goşdy.

Resmi maglumatlara görä, Alyýew 85 prosent ses alyp, üçünji möhlete prezident saýlandy.

Bu onuň azyndan ýene bäş ýyl prezident boljagyny aňladýar.

ÝHHG-niň gözegçileri bu saýlawlarda düýpli kemçiliklere ýol berlendigini, metbugat çäklendirmeleriniň bolandygyny aýtdylar.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti saýlawlaryň halkara standartlaryna gabat gelmändigini aýtdy.

Alyýewiň diwanynyň sözçüsi Aly Hasanow, Baku, «nädürs» hasabaty sebäpli, ÝHHG-nyň Demokratik guramalar we adam hukuklary edarasy bilen öz gatnaşyklaryna gaýtadan sereder diýdi.

Şeýle-de ol Birleşen Ştatlaryň tankydynyň «kabul ederliksiz» bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG