Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: 1200 migrant saklanyldy


Howpsuzlyk güýçleri migrantlary tussag edýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:19 0:00

Howpsuzlyk güýçleri migrantlary tussag edýärler

Orsýetiň paýtagty Moskwada soňky üç ýylyň dowamynda migrantlara garşy dörän iň agyr dartgynlylyklaryň biriniň netijesinde ýaralanan sekiz adam, şol sanda iki polisiýa ofiseri häzire çenli-de keselhanada galýarlar.

Moskwanyň Birýulýowo raýonynda protestçileriň merkezi aziýaly migrantlaryň we kawkazlylaryň işleýän ýeri bolan haryt bazasyna eden hüjümleriniň netijesinde jemi 23 adam, şol sanda sekiz polisiýa ofiseri ýaralanypdy.

Geçen hepdäniň penşenbe güni ors milletli ýigidiň, çaklamalara görä, kawkazly bir adam tarapyndan öldürilmegi bu zorluklaryň başlanmagyna sebäp boldy.

Tutha-tutluk

Netijede hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 400-e golaý gozgalaňçy saklanyldy, emma olaryň köpüsi birnäçe sagatdan soň azatlyga goýberildi. Olardan 17 adam soň ýene-de soraga çagyryldy, ikisi tussag astynda galdyryldy.

Moskwanyň polisiýasynyň aýtmagyna görä, duşenbe güni gök satylýan bazada merkezi aziýaly we kawkazly migrantlardan 1 200 adam tussag edilipdir.

Polisiýa bazanyň territoriýasynda duran bir awtoulagda 3 million rubl, ýagny 93 müň dollar möçberinde nagt puluň, üç sany ok ýaragyň, pyçaklaryň we beýsbol oýnalýan bita taýagynyň tapylandygyny habar berdi.

Moskwanyň polisiýasynyň duşenbe güni aýtmagyna görä, hüjümler boýunça jenaýat işi gozgalypdyr.

Öňüni alyş çäreleri

Ýekşenbe güni Orsýetiň içeri işler ministri Wladimir Kolokoltsew bu zorluklar bilen baglylykda ministrligiň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşdy. Kolokoltsew kanuny goraýjy häkimiýetlere Moskwanyň gök satylýan bazalarynyň ählisini barlamagy we bikanun migrantlary hem adam öldürilmeginde günäkär jenaýatkärleri gözlemegi tabşyrdy.

Kolokoltsew gök satylýan bazalaryň işgärleriniň Orsýetiň kanunlaryna laýyklykda işläp-işlemeýändigini, olaryň işleýän we ýaşaýan ýerlerini anyklamagy tabşyrdy.

Kolokoltsew bu barlaglaryň tizden-tiz geçirilmegini we şäherde dartgynlylygyň güýçlenmeginiň öňüni almagy tabşyrdy. Kolokoltsew öz görkezmesi boýunça geçiriljek barlaglaryň Moskwadaky dartgynlylygy gowşadyp biljegine umyt baglady.

Orsýetiň Müftüler geňeşiniň ýolbaşçysynyň orunbasary Euşan Abbýasow Moskwanyň ähli milletlerden bolan ýaşlaryny dartgynlylygyň öňüni almaga çagydy.

Gurbanlyk

Şeýle-de Abbýasow ýüze çykan dartgynly wakalaryň Moskwanyň ýüzlerçe müň musulman ýaşaýjylarynyň Gurban baýramyny bellemegine täsir ýetirmejegini aýtdy. Şu ýyl üç günlük musulman baýramçylygy 15-nji oktýabrda başlanýar.

Orsýetli kanun çykaryjy Mihail Starşinow baýramçylyk günlerinde goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň görüljekdigini duşenbe güni mälim etdi. Starşinow “Biziň musulman raýatlarymyzyň aglaba köpüsi örän bilimli, aň-düşünjeli we abraýly adamlar” diýdi we sözüniň üstüni ýetirip, “Her bir dini toparyň, ýagny musulmanlaryň, hristianlaryň we ýewreýleriň arasynda-da sandan çykan adamlar bar” diýip belledi.

Şol bir wagtyň özünde-de Moskwada merkezi aziýaly we kawkazly migrantlaryň işleýän haryt bazalarynyň we dükanlaryň köpüsi ýapyklygyna galýar.

Täjigistanyň Moskwadaky ilçihanasy Moskwada ýaşaýan öz raýatlaryna ýagdaý kadalaşýança işe çykmazlygy ündedi.
XS
SM
MD
LG