Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda gadagan söýginiň jezasy


Owgan zenany, Mazari Şerif, 2013.
Owgan zenany, Mazari Şerif, 2013.
Owganystanda ýaşaýan bir gyzyň ene-atasy ony söýgülisine däl-de, başga birine berjek bolýar. Ol hem toýunyň öň ýanynda öz söýgülisi bilen gaçyp gidýär. Ýöne bu söýgi rowaýaty tragediýa bilen soňlanýar. Gyzy bu etmişi üçin halkyň gözüniň öňünde öldürmeli diýip, adamlary öjükdiren ýerli molla jogapkärçilige çekilýär. Molla hem öz gezeginde özüniň pida bolandygyny aýdýar.

Waka owganystanly gyzyň başyndan indi. Ony ene-atasy başga birine mejbury äre berjek bolupdyrlar. Ol hem muňa jogap edip, öz söýgülisi bilen bir gije romantiki öwüşginli gaçyşy amala aşyrýar.

Söýgi dessany

Gürrüňi edilýän söýgi dessany Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Badhys welaýatyna degişli Kökçaýyl obasynda bolup geçdi. Ýurduň beýleki käbir aşa dinçi etraplarynda bolşy ýaly, bu ýerde bolan waka hem örän gynançly tragediýa bilen soňlandy.

Halyma durmuş toýunyň öň ýanynda öz söýüşýän oglany bilen gaçyp gidýär. Sebäbi Halymany başga birine äre berjek bolýarlar. Aradan birnäçe wagt geçensoň ony yzarlap tapýarlar we soňra ony halkyň öňüne çykaryp, bu eden etmişi üçin atyp öldürýärler.

Wakada düşürilen wideoda görnüşi ýaly, Halymanyň atylyp öldürilmegini ýerli molla buýruk beripdir. Agzalýan şol molla 17 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. 35 ýaşly Mawlawi Abdul Kaýum molla hakyky jenaýatkärleriň gaçyp gidendigini aýdyp, şikaýat arzasyny bermäge taýýarlyk görýär.

Halyma öz söýgülisi bilen gizlinlikde duşuşýardy. Oglan Halymanyň goňşusydy. Ýöne gyzyň ene-atasy olaryň arzuwlaryny puja çykaryp, Halymany başga birine berjek bolýarlar.

Toýuň sähedi iýun aýy diýlip bellenilipdi, emma Halyma bilen onuň söýgülisiniň başgaça planlary bardy. Şeýlelikde olar obadan gaçyp, başga bir ýerde özlerine mesgen tutunyp, täze durmuşa başlamakçy bolýarlar.

“Bu ýagdaý giýewi boljak oglanyň ene-atasy üçin kabul ederliksiz ýagdaýdy” diýip, Abdul Kaýum aýdýar. Ol keseki bilen gaçyp giden aýala jeza berilmegini talap edýär.

Onsoň jeza bermek çäresi geçirilýär. Owganystanly zenan halkyň öňüne çykarlyp, atylyp öldürilýär. Görlen çäräni wideoýazga-da düşürýärler. Wideoýazgy welaýatyň Aýallar guramasyna-da ýetirilýär.

Jezanyň wideosy

Ýazga düşürilen wideoda perenji atynan aýal ýerde otyr we iki adam oňa tüpeň diräp dur, molla bolsa halka ýüzlenýär. Agzalýan wideony Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Owgan gullugynyň habarçysy hem gördi.

Molla öz sözlerini gutaranyndan köp wagt geçmänkä, ýaňky tüpeň diräp duran iki adam aýaly birnäçe gezek atýar, aýal bolsa aglap, “Allahu ekber!” diýip, gygyryp jan berýär. Alnan wideonyň ses ýazgysynyň hili pes hem bolsa häkimiýetler Abdul Kaýumyň Halymany halkyň öňünde ýazgaryp çykyş edendigini we ölüm jezasyny mollanyň hut özüniň çykarandygyny aýdýarlar.

Muňa garamazdan, molla özüne ýöňkelýän günäni ret edip, bu wakada özüniň günäkär edilip görkezilýändigini aýdýar.

“Ol gyzy jezalandyrmak maşgalanyň alan kararydy, ýöne onuň dini pitiwa bilen jezalandyrylandygy aýdylýar. Köp sanly işan-mollalar bu wakany häkimiýetlere tabşyrmaly diýip aýdypdylar. Men hem halkyň öňünde eden çykyşymda bu meselede hökümet we kazyýet karar çykarmaly diýip aýdypdym. Muňa garamazdan, adamlar atuw jezasyny amala aşyrdylar. Olar muňa jogap bermeli” Diýip, Abdul Kaýum molla aýtdy.

Badhys welaýatynyň polisiýa işgärleri atuwy amala aşyran iki ýaragly adamynyň gözlegine çykdylar. Abdul Kaýum hem Ýokary suda şikaýat bilen ýüz tutýar. Ol ýakyn wagtda kararyň çykmagyna garaşýandygyny aýdýar.

Welaýat häkimi Ahmadullah Alizai mollanyň tussag edilmeginiň tarapdarydygyny we onuň bu eden jenaýatyna berilýän jeza aýallaryň hukuklaryny goramakda biziň näderejede erjeldigimizi görkezýän simwoliki alamat bolar diýip nygtaýar. Alizai bu elhenç wakany amala aşyrmaga gatnaşan her bir adamyň gürrüňsiz adalatyň öňünde jogap berjekdigini aýtdy.

Owgan kanunçylygyndan habarly adamlar mollanyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmeginiň kanuna gabat gelýändigini belläp, çykyş etdiler.

Suduň karary

Kabul uniwersitetiniň hukuk professory Nasrulla Stanikzai Badhyzyň welaýat sudunyň çykaran karary “ýerlikli we dogry karar” diýdi.

Stanikzai mollanyň döwletiň kanunçylygyna we şerigatyň kanunlaryna ters hereket edendigini aýtdy.

“Yslam hukugynda-da, owgan kanunçylygynda-da adamyň ykbaly boýunça diňe kazyýet karar edip bilýär. Başga hiç kimiň beýle karar çykarmaga hukugy ýok. Haçan-da sud bir adamy ölüm jezasyna höküm etse, bu karar ilki bilen beýleki iki sany ýokary suddan geçmeli ondan soň prezident tarapyndan tassyklanylyp gol çekilmeli. Şondan soň atuw jezasyny amala aşyryp bolýar.

Şeýle-de atuw jezasy şoňa niýetlenen ýörite obýektde amala aşyrylmaly. Oňa kazy, molla ýa-da beýleki dindarlar gatnaşmaly diýlen ýeri ýok” Diýip, hukuk professory aýtdy.

Aýallaryň hukuklaryny goramak boýunça aktiwistler Owganystanyň hemme ýerinde, şol sanda Badhys welaýatynda-da aýallaryň hukuklarynyň kemsidilýändigini aýdýarlar. Bolup geçýän köp wakalar barada habar berilmeýär we şeýlelikde jenaýatçylar köplenç jezasyz galýarlar.

Soňky bolan wakada Halymanyň söýgülisiniň ykbaly barada bilýän adam ýok. Onuň käbir obadaşlarynyň aýtmagyna görä, ol daşary ýurda gaçmagy başarypdyr. Halymanyň ene-atasy bilen gürrüňdeşlik geçirip bilmedik, ýöne ýerli häkimiýetler bu waka bilen baglanyşygy bolan hemme maşgalalar elhenç wakadan bäri sabyr-takat bilen çydap gelýärler diýip gürrüň berdiler.
XS
SM
MD
LG