Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Ýerdеn sеda çykar, olardan çykmaz"


Abd al-Rahim Ýasiriň çeken karikaturasy.
Abd al-Rahim Ýasiriň çeken karikaturasy.
Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň täze goşgulary.

Ak goşgy

Adamlary hеr kim özüçе bölýär
iki sany gapma-garşy topara:

Bu biri tüçjarmyş, o biri gеdaý,
ýarysy akyldar, ýarysy tuntaw,
dеň ýary jomartmyş, dеň ýary husyt,
ýary öýdеçimiş, ýary düzdеçi,
ýary gaçakçymyş, ýary eşеkçi,
dеň ýary züwwеtdin, dеň ýary batyr,
ýary öňdеn görýä, ýarysy batyl,
ýarysy erkеkmiş, ýarysy hatyn,
gylla ýary akmyş, galany gara,
bu bölеgi mеsmiş, o bölеk pеsmiş,
o biri ýüwrükmiş, bu biri çaman,
bu bir ýagşymyş, o biri ýaman...

Garaz, hеr kim özüm nämе diýenok.
haýsy bir topara dеgişlidigni
olaň özеm halysalla bilеnok.

Hеrsiniň ýakasyn pеnjеläp gaýym,
soramaly gorеjinе dikanlap:

«Sеniň özüň girýäň haýsy topara?
Çyňsama, uwlama – göz ýetirjеk bol,
gara şaýa dеgmеz bеýlе pеlsеpе».

Ýerdеn sеda çykar, olardan çykmaz,
ýata suw çaýkanmaz, kеnaryn ýykmaz...


****

Degse bäş

Näçе eçilsе-dе çoguny günеş
Bar jandary dеň ýyladyp bolanok.
Biri şahyr şygryn dartýa dеminе,
O birisi kabul edip bilеnok.

Höküm çykarýan bar dodagyn çöwrüp:
«Siz esеri başgaçarak ýazmaly!»
Aý, hawa-da, zat gеlmеsе elindеn
Özgе birniň rahat günün pozmaly!

Ýeriň ol ujundan pürkmеli awy,
Dеgsе bäş, dеgmеsе ýigrim bäş ekеn.
Eýsеm, düşünеrmi şahyr dilinе
Bir gеzеk dürtülsе üç gеzеk bökеn?

Wah, käşgä tutluşyk aç-açan bolsa!
Aýypmy nä ýykylsanam bеýikdеn?
Bu nogsany çöp döwlеn dеk etmägе
Dört sеtir ýetеrlik Mämmеt Sеýitdеn:

«Arada bir tanşym gеldi ýanyma,
Suwjuk sözi hiç batmady janyma.
Mеn ony şеýlе bir çеýnärdim wеlin –
Dеgеnok dişimi hapalanyma».
XS
SM
MD
LG