Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Twitteriň ipad-däki logotipi
Twitteriň ipad-däki logotipi
Täze Tolkun gepleşiginde her hepde türkmen ýaşlarynyň sosial saýtlarda iň köp maslahatlaşan, gürrüňini eden meseleleri barada maglumat berýäris.

Facebook

Facebook sosial ulgamynda meşhurlygy barha artýan sahypalardan biri “One Turkmen Kitchen”, ýagny “Bir türkmen aşhanasy”. Bu sahypa, esasan hem, türkmen tagamlaryny suratlary we reseptleri bilen birlikde çap edýär. “Bir türkmen aşhanasy” sahypasynyň “Içi doldurylan kädi” atly nahary sosial ulgamyň okyjylarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Hatda oňa diňe türkmenler däl, daşary ýurtlylar hem uly gyzyklanma bildiripdirler.

Bu tagamyň suraty jemi 24 sapar halanypdyr we oňa dokuz teswir ýazylypdyr. Todd A Carlson atly agza, naharyň suratda örän gowy görünýändigini we ony özüniň hem taýýarlap görjekdigini ýazypdyr. Şeýle-de, Todd A Carlson “Hakykatdanam, nahary 482 farengeýtde bişirdiňizmi? diýip sorag beripdir. Şeýle-de Carlson birnäçe wagt soň öz elleri bilen taýýarlan “Içi doldurylan kädi” naharynyň suratyny Facebookda çap edipdir.

Türkmen tagamlarynyň taýýarlanyşy bilen gyzyklanýan bolsaňyz, men size “One Turkmen Kitchen”, ýagny “Bir türkmen aşhanasy” websahypasyna ýüzlenmegi maslahat berýärin.

Vkontakte

Vkontakte sosial ulgamynda gürrüňi edilen maglumatlaryň biri sosial ulgamyň “Türkmenler” atly topary tarapyndan paýlaşylan “Söý meni, söý” atly wideoklip. Bu wideoklipde bir türkmen gyzy tans edip, aýdym aýdýar. Wideoklip jemi 10 sapar halanypdyr we oňa 13 teswir gelip gowşupdyr. Şol teswirleriň arasynda Atajan Mamed-Ali atly agza klip baradaky garaýşyny “Masgaralaý” diýip, gysgaça beýan edipdir. Ýakup Kakalyýew bolsa “Marydan çykýar şular ýaly klipler” diýip, öz şahsy pikirini galdyrypdyr.

Bu klibiň nirede düşürilendigi we klipdäki aýdymçynyň niredendigi sosial saýtyň agzalarynyň arasynda kiçijek diskussiýa emele getiripdir. Soňunda Kuwwat Serdarogly atly agza aýdymçynyň Lebabyň Kerki şäherçesindendigini aýdyp, “Onuň üçin goh gerek däl. Nireden bolanda-da türkmen şo-da. Ol tutuş türkmenleriň adyna gidýär. Eýýäm nätjek, bar-da bizde-de aňy-düşünjesi ösmedik adamlar. Oňa edip biljek çärämiz ýok . Adam pahyr özi-özünden bilip, öz gözýetimini özi giňeltmese, oňa sen şu zady et ýa-da etme diýip, düşündirip bolmaýar, millet” diýip, öz pikirini jemleýär.

Bu klip barada başga-da Amangeldi Nuryýew, Röwşen Burkazow, Janneta Hydyrowa, Merdan Magamedow ýaly agzalar teswir galdyrypdyrlar.

“Ertir.com”

“Ertir.com” sosial ulgamynda “Pyşbaga” atly agzanyň “Sakal howpy: Tagta etrabynda 632 raýat sakal goýberdi” ady bilen gozgan temasy agzalaryň arasynda uly gyzyklanma we jedel döredipdir.

19-njy oktýabrda çap edilen bu tema 22-nji oktýabra çenli jemi 1040 sapar okalyp, oňa 68 teswir gelip gowşupdyr we 42 sapar halanypdyr.

Bu temanyň mazmuny şeýle sözler bilen başlanýar: “Daşoguz welaýatynyň “Demirgazyk çapary” gazetiniň habar bermegine görä, Tagta etrabynda 632 raýat birdenkä sakal goýberipdir”. Soňra-da bu tema şeýle sözler bilen dowam edýär: “Bu Sarahs etrabyndaky 1932-nji ýyldaky sakal üýşmeleňinden soňky iň uly köpçülikleýin sakal goýberiş hereketidir”.

Bu tema boýunça “Ulymsyj@” atly agza: “Menem tagtaly. Ýöne bu geplerden bütinley bihabar. Çynmaý şu zatlar?” diýip, sorag ýazypdyr. Bu soraga “Friendship” atly agza şeýle jogap beripdir: “Hawa, çyn. Iñ soñky gezek haçan gitdiñ Tagta? Bu waka ýakynda boldy” diýip, öz pikirini galdyrypdyr.

Elbetde, bu tema Daşoguzda geçirilýän Ýaşulular maslahatyny ýaňsylap ýazylan tema çalym edýär…

Twitter

Twitter sosial ulgamynda türkmenleriň “Türkmençe ýaz “ jümlesiniň öňünden ”häş täg” alamatyny goýup, tweet ýazmak ýörelgesi dowam edýär. Bu sosial ulagmyň “le petit” atly agzasy tarapyndan “Paket Internet-5 gutordy" diýip sms geldi. Gynandym. Gutaranyna däl."Gutoronyna" diýip, tweet paýlaşypdyr.

Elbetde, bu taýda sms-däki goýberilen harp ýalňyşy barada gürrüň gidýär. Ýagny, “gutardy” diýlip ýazylmaly söz sms-de “gutordy” diýlip ýazylypdyr.

Bu tweet 16-njy oktýabrda paýlaşylyp, ol bäş sapar gaýtadan çap edilipdir we oňa Mehmet Türkmen atly agza “Has hem gynançlysy, bu yalñyşy düzedeýli diýýän hem ýok” diýip, öz pikirini mälim edipdir.

Azat Rahmanowyň “Türkmençe ýaz” jümlesiniň öňünden “häş täg” alamaty goýlup ýazylan: “Türkmen ýaşulysy: Iňlisçe gürlejek bolsaň, agzyňa gyzgyn kartoşka salyp, türkmençe gürläbermeli” diýlen tweeti hem birnäçe gezek gaýtadan çap edilen tweetleriň arasyndadyr.
XS
SM
MD
LG