Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Antonina Petrowna: "Aşgabatdaky jaýymy satmak üçin Orsýete geldim"


Aşgabat.
Aşgabat.
Türkmenistanda goşa raýatlyga eýe bolan adamlaryň problemalary ýene-de üns merkezine düşdi. Bu problema 24-nji oktýabrda Moskwada geçirilen halkara konferensiýada jikme-jik garaldy.

Şu günki gün Orsýetiň hem-de Türkmenistanyň raýaty bolan türkmenistanlylar nähili kynçylyklary başdan geçirýärler.
Aşgabadyň 80 ýaşly ýaşaýjysy Antonina Petrowna öz kynçylyklary barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Antonina Petrowna siz Türkmenistanda jaýyňyzy satyp bilmän kösenýändigiňizi aýtdyňyz. Päsgelçilik nämede?

Antonina Petrowna: Jaýymy satmakçy bolanymda, belli bir dokumentleri talap etdiler. Meselem, meniň ýagdaýymda dörän kynçylyklar jaýymda birwagtlar gaýynenemiň [öý kitabyna] ýazgy edilmegi bilen bagly boldy.

Gaýynenem 90-njy ýyllaryň başynda Orsýete göçüp gitdi. 2002-nji ýylda suduň permany bilen onuň ady jaýyň resmi ýazgysyndan öçürilipdi. Emma jaýy satjak bolanymda, gaýynenemiň özüniň gelmegini ýa onuň ölendigi barada resmi hatyň getirilmegini talap etdiler.

Bu işi Türkmenistanda oturan ýerimden etmek mümkin däldi. Gaýynenem 1905-nji ýylda doglan, ol bireýýäm aradan çykdy. Onuň söňky ýyllarda ýaşan ýerini men öň bilýärdim, emma soň ýadymdan çykdy. Meniň öz ýaşymam 80-den geçdi.

Azatlyk Radiosy: Sizden talap edilen beýleki dokumentleriň ählisi barmydy?

Antonina Petrowna: Hawa, ähli dokumentler bar. Men soň gaýynenemiň ölendigi baradaky resmi şahadatnamany-da alyp bildim. Men Orsýete gelip, hasap ýöredýän edaralara ýüz tutdum, gaýynenemiň ölen ýerini anykladym, şeýdip, gerekli haty elime berdiler.

Azatlyk Radiosy: Antonina Petrowna Türkmenistanda sizden dokumentleri talap edendiklerini aýtdyňyz. Kim talap etdi?

Antonina Petrowna: Jaýyň söwda-satygyny hasaba alýan edaralar, ýagny notariuslar. Olar dürli päsgelçilikleri döredýärler. Meselem, maňa gaýyneneňiziň jaýyň üçden bir bölegine haky bar diýdiler. Men olara gaýynenemiň jaýyň ýazgysyndan öçürilendigi barada resmi hatlary görkezdim, soň gaýynenemiň 1905-nji ýylda doglandygyny ýatlatdym we onuň bireýýäm dünýäden ötendigini aýtdym. Maňa, belki-de, ol ömri uzak bir adamdyr diýdiler. Meniň özümem ýaşuly adam, şonuň üçin beýle zatlary eşitmek gaty täsin boldy.

Azatlyk Radiosy: Antonina Petrowna siz öz problemaňyz boýunça kömek sorap, ýerli ýuristlere ýa döwlet edaralaryna ýüz tutup gördüňizmi?

Antonina Petrowna: Ýerli ýuristleriň özleri-de jaý söwdasy bilen meşgullanýan adamlar bilen bagly bolýar. Ýüz tutan adamlarym, işiňiz köp wagty talap eder, bir müň dollar tölemeli, soň işiňize garalar, bu bir ýyla golaý wagty talap eder diýdiler. Mundan soň men bu meseläni öz güýjüm bilen çözmek kararyna geldim.

Azatlyk Radiosy: Siz öz problemaňyz barada gürrüň berdiňiz, Türkmenistanda jaý satmakçy bolanda, kynçylyklara duçar bolýanlar köpmi?

Antonina Petrowna: Bu problemanyň hakyky möçberi barada maglumatym bar diýip biljek däl. Emma meniň öz tanyşlarymyň arasynda şeýle ýagdaýlar köp ýüze çykýar. Meniň joram Orsýetiň Krasnodar regionyna göçüp gidipdi. Ol jaýyny satmaga girişende, onuň öňünde-de dürli böwetler gurlupdy. Ondan, hususan-da, birwagtlar aýrylyşan adamsyna degişli kagyzlary talap edipdiler. Şeýle kagyzlary berýän ZAGS-dan dokument almak bolsa mydama kyn bolýar.

Azatlyk Radiosy: Muňa näme sebäp bolýar?

Antonina Petrowna: Hiç zat açyk aýdylmaýar, emma bu edara bilen işleşýän araçyny tapan adamlar öz problemalaryny päsgelsiz çözüp bilýärler. Notariuslar hem şeýle. Hiç kim menden parany açyk soramady. Emma arada durup pul alýan adam tapylsa, islendik iş düzelýär. Dokumentlere gezek gelende, mydama dürli päsgelçilikler yzygiderli döredilip durýar.

Azatlyk Radiosy: Antonina Petrowna, jaýyňyzy Türkmenistandan göçüp gitmek üçin satýarsyňyzmy?

Antonina Petrowna: Men Türkmenistanda ýeke özüm ýaşaýaryn. Çagalarym agtyklarym Orsýetde ýaşaýarlar. Üstesine, mende uly gorky bar. Men öz ajalyma, ýa-da başga bir sebäpden ýogalsam, jaýyma näme bolar diýen pikir meni diýseň alada goýýar. Maňa düşüniň, meniň öz çagalaryma maddy taýdan galdyryp biljek ýeke-täk mirasym jaýym.

Azatlyk Radiosy: Siz Türkmenistana haçan we nahili ýagdaýda göçüp barypdyňyz?

Antonina Petrowna: 1956-njy ýylda men we meniň adamym Moskwanyň Döwlet uniwersitetini tamamlanymyzdan soň, bizi Türkmenistana iberipdiler. Şondan bäri men Türkmenistanda ýaşaýaryn. Emma soňky döwürde mende uly gorky döredi. Şu ýylyň bahar aýlarynda maňa näbelli bir adam jaň edip başlady. Şeýle jaňlar diňe maňa däl, başga-da garry adamlara, esasanam, ýeke ýaşaýan garrylara edilipdi.

Jaň eden adam maňa her hili şahsy sowallary berip başlady. Meselem, ”Sizde orsýet raýatlygy barmy? Göçüp gitmek niýetiňiz barmy? Jaýyňyz barada planlaryňyz nähili?” diýip sorady. Özem ýuwaşjadan, sypaýyçylyk bilen gep urdy we öýüme gelip, söhbetdeşlik geçirjegini duýdurdy. Men ýok diýdim, meniň muňa gaty gaharym geldi. Eger-de meniň telefon nomerime jaň edip, adymy tutýan bolsa, meniň nirede ýaşaýandygymy we men barada beýleki şahsy maglumatlary bilýän bolsa, onda näme maksat bilen beýle sowallary berýär?

Men trubkany goýan badyma, Türkmenistanyň baş prokurorynyň adyna we polisiýa arza ýazdym we nämäniň esasynda şeýle jaňlaryň edilýändigini derňemegi we kimiň jaň edýändigini anyklamagy soradym.

Azatlyk Radiosy: Size jaň eden adam özüni tanatmadymy?

Antonina Petrowna: Ol özüni tanatdy, adyny, familisýasyny aýtdy. Ol häzir ýadymda galmady. Jaň eden adam özüniň Migrasiýa gullugynyň işgäridigini aýtdy. Men ýazan arzalarymy Baş prokuratura we polisiýa eltip bermekden ozal, Migrasiýa gullugyna bardym.

Migrasiýa gullugynyň resmisine gürrüň berip, jaň eden adamyň adyny tutdum. Migrasiýa gullugynyň wekili “bizde şeýle adam işlemeýär, biz şeýle işler bilen asla meşgullanmaýarys” diýip jogap berdi. Ol maňa “siz polisiýa ýüz tutup bilersiňiz” diýip maslahat berdi. Golaýymda duran beýleki adamlar hem özlerine-de şeýle jaňlaryň edilendigini aýtdylar. Şeýle adamlar köp ekeni. Elbetde, şeýle ýagdaý adamlaryň nerwisine degýär, olarda howatyrlanmany döredýar.

Mende Türkmenistandan göçüp gitmäge isleg ýokdy. Men ýurtda arkaýyn ýaşardym. Meniň joralarym, tanyş-bilişlerim bar. Emma Türkmenistanda miras galdyrmak, mirasa eýe çykmak we emlägi satmak bilen bagly ýagdaý şeýle bir çylşyrymly, bu bolsa meniň çagalarymyň menden soň emlägä eýe çykyp biljegine şübhe döredýär. Hut şu sebäpden, men dirikäm, jaýymy özüm satjak bolýaryn.

Azatlyk Radiosy: Sizde biometrik pasport barmy?

Antonina Petrowna: Orsýet raýatlygyna eýe bolan türkmenistanlylara biometrik pasorty almaga rugsat berlensoň, men 1-nji iýulda dokumentlerimi alyp Migrasiýa gullugyna bardym. Meniň dokumentlerimi gördüler-de, bir dokumentiň ýetmeýändigini aýtdylar. Menden dogluş hakyndaky şahadatnamamy soradylar. Men garry adam, şahadatnamam-da saklanyp galmandyr.

Indi men Orsýete gelip, gaýynenemiň ölümi hakdaky şahadatnamany idäp tapyşym ýaly, öz dogluş hakyndaky şahadatnamamy hem dikeltmegiň ugruna çykdym. Emma maňa ýörite arza bilen Ukraina ýüzlenilmelidigini, ýa-da özümiň Ukraina barmalydygymy aýtdylar. Indi men Ukraina baryp, şahadatnamamy dikeltmekçi. Men Ukrainada doglupdym, üstesine, meniň doglan ýerim uruş döwründe frontuň liniýasynda ýerleşipdi.

Azatlyk Radiosy: Şahadatnamaňyzy Türkmenistanda dikeldip bolmadymy?

Antonina Petrowna: Biziň Türkmenistandaky Migrasiýa gullugymyzda Ukrainanyň ilçihanasyna baryp, arza ýazsaňyz şahadatnamaňyzy bir aýda dikeldip bererler diýdiler. Men Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasyna bardym, arza ýazdym, anketany doldurdym. Soň 10 dollar möçberde döwlet tölegini tölemek üçin banka iberdiler. Men bar zada kaýyldym. Ýöne, ”haçan taýýar bolar?” diýen soragyma ”bir ýyldan” diýip jogap bermekleri garaşylmadyk bir ýagdaý boldy.

Men şonda bir ýyllap garaşmak üçin mümkinçiligimiň ýokdugyna doly göz ýetirdim. Sebäbi 10-njy iýuldan soň, täze daşary ýurt pasportyň bolmasa, ýurtdan çykyp bolmajagy mese-mälimdi. Pasport almaga şahadatnamanyň ýokdugy sebäpli, özümiň pasortsyz galjagym-da bellidi. Şeýle ýagdaýda men ýurduň daşynda ýaşaýan çagalarymdan doly üzňelikde galmaly bolaryn diýip, näme-de bolsa men ýurduň daşyna bir çykaýyn diýen karara geldim we bilete pul toplamagyň aladasyny etdim.

Azatlyk Radiosy: Biometrik pasporty alyp bilmedik bolsaňyz, siz Türkmenistandan nädip gaýtdyňyz?

Antonina Petrowna: Sebäbi goşa raýatlygy bolan adamlara 10-njy iýula çenli Türkmenistandan uçar biletini satyn almaga mümkinçilik bardy. Men 6-njy iýulda gaýtdym. Men kassa baryp, nobatçy müdire ýüz tutup, maňa gyssagly bilet gerek, kömek ediň diýip soradym, şeýdip maňa bilet satdylar. Men şonda uçar biletini köne türkmen pasportymyň we Orsýetiň daşary ýurt pasortynyň esasynda satyn alyp gaýtdym.
XS
SM
MD
LG