Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Siriýada täjik raýatlary söweşýär


Täjigistanyň prezidentiniň metbugat wekili Siriýada täjik raýatlarynyň gozgalaňçylaryň tarapynda söweşýändigi baradaky maglumatlary tassyklady.

Abdufattokh Şaripow Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolanda, eger-de Siriýada prezident Başar al-Assadyň hökümetine garşy göreşýän täjik raýatlary yzyna dolansa, onda olaryň Täjigistanyň howpsuzlygyna hem täsir ýetirmeginiň mümkindigini aýtdy.

Şaripow Damaska ýüzlenip, Siriýada söweşýän täjigistanlylar barada has köp maglumatlaryň soraljakdygyny hem belläp geçdi.

Siriýanyň baş müftüsi Ahmad Badr Al-Din Hassoun ýekşenbe güni Moskwada çykyş edip, siriýa oppozisiýasynyň tarapynda 100 müňden gowrak daşary ýurtly, şol sanda ABŞ-ly, hytaýly, ýewropaly raýatlaryň hem söweşýändigini aýtdy.

Şeýle-de Hassoun Siriýada 190 sany täjik, başga-da türkmenistanly, azerbaýjanly, gürjüstanly, gazagystanly we çeçenistanly raýatlaryň hem söweşýändgini sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG