Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: Malalanyň kitaby jedel döretdi


Yslamabatdaky kitap satylýan dükanlaryň birinde Malalanyň "Men Malala" atly kitabyna seredip duran adam
Yslamabatdaky kitap satylýan dükanlaryň birinde Malalanyň "Men Malala" atly kitabyna seredip duran adam
Pakistanyň Haýber Pahtunhwa welaýatyndaky 10 müň töweregi hususy mekdebe wekilçilik edýän guramanyň resmisi öz guramasynyň gürrüňi edilýän mekdeplerde Malalanyň kitabyna gadagan etmek tagallasy bilen ilteşiginiň ýokdugyny mälim etdi.

Ýetginjek gyz Malala Ýusufzai bilim aktiwisti hökmünde bütin dünýäde meşhurlyk gazandy.

Mundan ozal habar beriş serişdeleri, hususy mekdepleriň bileleşikleriniň iki ýolbaşçysyna salgylanyp, olaryň wekilçilik edýän mekdeplerinde “Men Malala” atly kitabyň, onuň mazmunynyň yslama hem-de Pakistana garşydygy sebäpli, gadagan ediljekdigini habar beripdi.

Ýokarda 10 müň töweregi hususy mekdepleri öz içine alýan guramanyň Haýber Pahtunhwa welaýatyndaky wekili Akeel Razak Azatlyk Radiosynyň Pakistan gullugyna beren interwýusynda beýle gadagançylyk barada öz guramasynda hiç hili gürrüň edilmändigini aýtdy.

“Biz diňe biziň bilim sistemamyz bilen ilteşikli kitaplara gadagançylyk girizip bileris. Biz bu kitaby hiç haçan biziň bilim sistemamyza girizmegi göz öňünde tutmandyk. Bu umumy bir kitap we biz oňa gadagançylyk girizip bilmeris. Eger-de okuwçylaryň ony özbaşdak okasy gelse, onda ol olaryň öz islegi. Olar islän zadyny okap bilerler” diýip, Razak aýtdy.

Razak Malalanyň kitabynyň telekanallardaky gepleşiklerde we gazetleriň sahypalarynda tankyt edilendigini aýdyp, ýöne munuň olaryň Malala baradaky garaýşyny üýtgetmeýändigini belledi.

“Häzirki wagtda çagalary kitap okamaga höweslendirmelimi ýa-da däldigi barada bizde resmi düzgün ýok. Biz Malalany gyzlaryň okamagy ugrunda alyp barýan göreşi bilen tanaýarys. Onuň kitabynyň dawalydygy ýa-da däldigi bolsa aýratyn mesele. Ýöne Malala Ýusufzainiň ady beýik bolup, ol Pakistanyň buýsanjyna öwrüldi” diýip, Razak gürrüň berdi.

Dildüwşük teoriýalary

Pakistanda Malala barada dildüwşük teoriýalary giňden ýaýran. Hususy mekdepleriň käbir resmileri we konserwatiw kommentatorlar Malalanyň Günbatar tarapyndan öz maksatlary üçin götergilenýändigini aýdýarlar.

Olar Malalanyň kitabynda, Muhammet pygamberiň ady agzalanda, Pakistanda aýdylyşy ýaly “oňa salam bolsun” abbrewiaturasynyň ulanylmandygyny we Malalanyň öz kitabynda Muhammet pygambere mynasyp hormat görkezmändigini aýdýarlar. Şeýle-de tankytçylar Malalany “Şeýtanyň aýatlary” atly kitabyň awtory Salman Ruşdä gowy baha bermekde aýyplaýarlar. Salman Ruşdi yslamçy ekstremistler tarapyndan yslama dil ýetirmekde aýyplanypdy.

Malalanyň goldawçylarynyň bellemegine görä, kitapda Malala diňe öz kakasynyň “Şeýtanyň aýatlary” atly kitabyň yslama garşydygyny aýdan böleginde kakasynyň “söz azatlygyna ynanýadygyny” hem beýan edýär diýýärler.

Kitapda Malalanyň kakasy Ziauddin Ýusufzaia salgylanyp, onuň Ruşdiniň kitaby barada musulmanlara ýüzlenip, şeýle diýendigi nygtalýar: “Geliň, ilki bilen kitaby okalyň, soňra näme üçin oňa biz öz kitabymyz bilen jogap bermeli däl?”

Käbir kommentatorlar kitapda agyr ýagdaýda ýaşaýan azlykdaky milletleriň durmuş şertleriniň beýan edilişinden we ýurduň güýçli armiýasynyň tankyt edilişinden hem göwünleriniň galandygyny aýdýarlar.

Malala 2012-nji ýylda “Talyban” tarapyndan kellesinden atylyp, agyr ýaralanypdy. Şondan soň ol bütin dünýäde meşhurlyga eýe boldy we onuň saglygy kadaly ýagdaýa gelensoň, oňa birnäçe sylag gowşuryldy. Şeýle-de Malala 2013-nji ýylda parahatçylyk boýunça Halkara Nobel baýragyna iň güýçli dalaşgärleriň biri bolupdy.
XS
SM
MD
LG