Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Amerikan resmisi Ysraýyly tankytlaýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň ýokary derejeli milli howpsuzlyk kömekçisi Ysraýylyň ýakynda oba gurluşyklaryny giňeltmek planlaryny yglan etmegi ýewreý döwleti bilen palestinalylaryň arasyndaky täze dartgynlyklara sebäp boldy diýdi.

Obamanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Suzan Raýs penşenbe güni Waşingtonda sözlän sözünde Birleşen Ştatlar Ýakyn Gündogarda parahatçylygy ýola goýmaklyga ygrarly galýar diýdi, emma Waşingtonyň ýewreý obalarynyň gurluşyk planlary bu tagallalara zeper ýetirýär diýip hasaplaýandygyny nygtady.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri hem, geçen hepde amala aşyran regional saparanyň dowamynda, parahatçylyk gepleşiklerini dikeltmek üçin, basylyp alnan ýerlerde alnyp barylýan gurluşyklary bikanun iş atlandyryp, Ysraýyly olary çäklendirmäge çagyrypdy.
XS
SM
MD
LG