Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaýgysyz Atabaýyň gaýgyly obasy


Gaýgysyz Atabaýewiň Mäne obasyndaky heýkeli
Gaýgysyz Atabaýewiň Mäne obasyndaky heýkeli
Ýoly Mänäniň üstünden düşen, emma onuň geçmiş taryhyndan bihabar bir ýolagçynyň bu ýerde gözüni eglejek hiç bir zat ýok. Göräýmäge, tozap ýatan, agyz suwuna zar, elektrik togudyr gazy yzygiderli kesilip duran bu obanyň ýurduň uly şäherlerinden uzakda ýerleşýän beýleki islendik türkmen obasyndan o diýen tapawudy ýok.

Hakykatda welin, bu oba şu günki Türkmenistanyň emele gelmeginde baş roly oýnan beýik ynsan, ýagny Türkmenistan döwletiniň esaslandyryjysy, şu günki territoriýasyny kesgitläp, onuň doly ykrar edilmegini gazanan adam diýlip hasaplanýan Gaýgysyz Atabaýewiň göbek ganynyň daman ýeri. Bu oba Aşgabatdan 270 kilometr uzaklykda ýerleşýär.

Mäne bilen Gypjagyň tapawudy

Gaýgysyz Atabaýewiň Aşgabatdan aýrylan heýkeli
Gaýgysyz Atabaýewiň Aşgabatdan aýrylan heýkeli
Mänäni garaşsyz türkmen döwletini gurdy diýip wagyz edilýän Saparmyrat Nyýazowyň dogduk obasy Gypjak bilen deňeşdirmek mümkin däl. Garaşsyzlyk ýyllarynda Gypjagyň köçeleri asfaltlanan ýollara öwrülen bolsa, gum basyp ýatan Mänäniň köçeleri henizem 18-nji asyry ýatladýar.

Nyýazowyň obasy Gypjagyň, şeýle-de häzirki prezident Berdimuhamedowyň obasy Babarap bilen deňşdirilende, agyz suwuna zar, kanal suwuny-da ulagly daşadyp içýän mänelileriň suw üpjünçiligi hem aýratyn hekaýa.

Häzirki prezidentleriň obalary bilen Gaýgysyz Atabaýewiň doglan obasyny deňeşdireniňde, dogrusy, gürrüňi edilmeli mesele köp. Göze dürtülip duran esasy zatlaryň ýene biri – köçeleriň ugrundan hapa suwlary akdyrýan ýaplaryň ýagdaýy.
Gypjakda we Babarapda beýle ýaplar ýok. Köçeden geçýänleriň hapa suw we hapa suw akdyrýan ýaplary görmegi mümkinem däl. Mänede bolsa porsap ýatan ýaplara her köçede duş gelmek bolýar.

Fotosergi: Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Babarap obasy bilen Gaýgysyz Atabaýewiň Mäne obasynyň arasyndaky deňeşdirme.



Mänede Atabaýewiň adyny göterýän köçe hem edil şeýle köçelerden biri. Gaýgysyz Atabaýewiň köçäniň ugrunda ýerleşýän ýeke-täk heýkelini hem Nyýazowyň ýurtda galdyryp giden ençeme altyn çaýylan heýkelleri bilen deňeşdirmek kyn.

Unudylan heýkel

Nyýazowyň heýkellerini uzakdan görüp, tapyp bolýan bolsa, Atabaýewiň ýädygärligini oba ýaşaýjylaryndan sorap tapmaly bolýar. Ýadygärlik diýeniň hem iki sany diňiň arasynda duran kirli, dyzyndan aşagy poslan bir gara heýkel. Ýadygärlikde hatda onuň ady ýazylan ýazgam ýok.

Mänäniň Atabaýew köçesi
Mänäniň Atabaýew köçesi
Bu heýkele soňky döwürlerde gözegçilik edilmändigine onuň töweregindäki zir-zibilden hem göz ýetirmek mümkin. Ýadygärligiň töwereginde otlap ýören mal-gara bolaýmasa, ýadygärligi görmäge gelen adamlar hem duş gelenok.

Mäne obasyndaky ýadygärligiň gözgyny ýagdaýy obanyň özüne hem mahsus. Müňden gowrak hojalygyň ýaşaýan obasynda birnäçe köçäniň bardygyna garamazdan, şol köçeleriň hiç haýsysy asfaltlanmandyr.

Obanyň binalarynyň ählisi diýen ýaly palçykdan gurlupdyr. Gaty seýrek hem bolsa, käbir betondan gurlan binalar hem bar. Emma olar hem hökümet tarapyndan täze gurlup başlanan käbir jemgyýetçilik edaralary.

Silden soňky ýagdaý

Gaýgysyz Atabaýewiň heýkeli
Gaýgysyz Atabaýewiň heýkeli
2010-njy ýylyň 16-njy sentýabrynda bu oba gelen sil hem obanyň 100-den gowrak hojalygynyň ýaşaýyş jaýlarynyň diwarlaryny jaýryp, käbirleriniň bolsa kümelerini ýykypdyr. Şol harasadyň täsirini edil şu günki gün hem görmek bolýar.

Mäne obasynyň saglyk merkezi hem obanyň ýatdan çykarylandygyna şaýatlyk edýän mysallaryndan ýene biri. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir mäneliler saglyk merkezi diýilýän bir gatly binada 20-den gowrak ýokary we orta bilimli lukmanyň işleýändigini aýtdylar.

Emma sowet döwründe gurlan bu hütdük jaýyň häzirki wagtda düýpli abatlaýyşa mätäçdigi welin, uzakdanam görnüp dur. Gurlan döwründen bäri remont edilene meňzemeýän jaýyň daşynyň we içiniň diwarlarynyň suwagy gopupdyr.

Ilat saglyk hyzmatyndan nägile

Diňe binanyň durky däl, eýse obanyň ýaşaýjylary saglyk merkeziniň ýerli ilata edýän medisina kömeginiň hilindenem razy däl. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir mäneliler syrkawlaryny köplenç Tejene, etrap merkezi bolan “Altyn asyr” etrabyna ýa-da Aşgabada äkidýandiklerini gürrüň berdiler.

Bu saglyk merkezine 2010-njy ýylda birje “tiz kömek” awtoulagy berkidilipdir. Emma ol köne bolansoň, adamlar öz syrkawlaryny hususy taksi awtoulaglarynda beýleki saglyk edaralaryna äkitmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.

Mäne bilen beýleki ilatly punktlary birikdirýän ýollaryň hili hem öwerlikli däl. Mänä barýan ýoluň asfaltynyň döwlen, käbir ýerlerinde bolsa asla asfalt bolmadyk ýerleri gaty köp. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan taksiçi, bu ýoldaky çukanaklar sebäpli, awtoulaglaryň tigirleriniň çapylýan halatlarynyň seýrek däldigini aýtdy.

Emma soňky döwürlerde obanyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak üçin edilýän käbir işleriň bardygyny hem aýdyp bolar. Olardan biri 18-nji noýabrda obanyň bir çetinde täze çagalar bagynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, beýlekisi bolsa, şol çagalar bagynyň golaýynda täze orta mekdebiň gurlup başlanmagy bilen bagly. Bu iki edara obanyň ilatynyň iň bolmanda 200-e golaýyny iş bilen hem üpjün eder diýlen umyt bar.
XS
SM
MD
LG