Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Twitter logotipi we smartfon.
Twitter logotipi we smartfon.
Geçen hepdäniň dowamynda Türkmenistanda WhatsApp, WeChat, Viber ýaly programmalar belli bir derejede ýapylsa-da, türkmen ýaşlarynyň Twitter, Facebook, “Vkontakte”, “Ertir.com” websahypalaryndaky işjeňligi dowam edýär.

“Ertir.com”

Geçen hepde “Ertir.com” sosial ulgamynda agzalaryň iň köp ünsüni çeken temalaryň arasynda Kemal programming atly agzanyň gozgan “Ertir.com-yň hususy zooparky”, Sham atly agzanyň gozgan “Gyz üçin uruşmak bu Kusok bolmaklykmy?”, Doňýürek atly agzanyň gozgan “Senli-sensiz günlerim...” ýaly temalary bar.

Bu sosial ulgamda iň köp okalan temalaryň ýene biri Tasin.Paren atly agzanyň gozgan “Daşary ýurt bilen içerde okamagyň gowy we erbet taraplary barada pikir alşalyň” diýen temasydyr. Bu tema 17-nji noýabr bilen 19-njy noýabr aralygynda jemi 1188 sapar okalyp, oňa 109 sany hem teswir gelip gowşupdyr. Şeýle-de ol 46 gezek hem halanypdyr.

Bu tema Friendship atly agza “Finans ýagdaý pesräk bolsa, içinde okamak bähbitli. Ýöne, umuman, okajak adam üçin tapawudy ýok-la. Özüne gerekli zady tapar nirede bolsa-da!” diýip, teswir galdyrypdyr. Muňa An.Gu atly agza “Friendship onyňa okajak üçin okuwa girmek nämä gerek diýen ýaly bolýa” diýip, jogap beripdir.

Bu tema gelen ençeme teswirden soň, temany gozgan agza “Yene bir zat, Daşary ýurtda okap gelenler bilen içerdäkiler, ýagny Türkmenistandakylar, şolaryň haýsynyň bilimi güýçli bolýarka? Pikirleriňiz?” diýip, sorag beripdir.

Bu teswire Sapient atly agza “Daşary ýurtdakylaryň bilimi güýçli bolýandyr. Dünýä garaýşy giň. Gözýetimi uly bolýa köplenç” diýip, teswir galdyrypdyr. Winston atly agza bolsa “Elimde diplom bolsun, maňa kär, başarnyk hökman däl diýseň, Türkmenistanda okamak has amatly, ýöne bir zady edip öwreneýin hünär öwreneýin diýseň daşary ýurdy maslahat berýän. Nirede bolsaňam esasy zat özüňe bagly, diňe okanyň bilen iş bitmeýär, şol okan zadyňy amal etmegi hem başarmaly. Esasy zat döredijilik, ine, şol zat seni başgalardan tapawutlandyrar.” diýip, öz pikirini beýan edipdir.

“Vkontaktede”

“Vkontaktede” bolsa “Top people of Turkmenistan”, ýagny “Türkmenistanyň iň öňde gelen adamlary” atly toparyň geçiren kiçijek bäsleşigi sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. Ses berişlikde türkmenistanly dokuz jübüde ses bermek arkaly olaryň arasyndan iň gowy we owadan jübüt saýlanýar.

Bäsleşige gatnaşan jübütleriň arasynda Ýusýa Ýewseýew we Nika Ýewseýewa, Yslam Ataýew we Lýoka Altymuhammedowa ýaly jübütler bar. Bu bäsleşigiň başlanandygy barada maglumat 14-nji noýabrda çap edilipdir we oňa 19-njy noýabra çenli jemi 51 teswir gelip gowşupdyr.

Şeýle-de, ol 20 sapar gaýtadan çap edilip, 98 gezek hem halanypdyr. Bäsleşige jemi 1518 adam ses beripdir. Olaryň arasynda Wepa Ödäýew, Ýura Slepsow, Aýa Muradowa, Şirli Ahmedowa ýaly agzalar bar. Bäsleşigiň ýeňijisi hökmünde Ýusýa Ýewseýew we Nika Ýewseýewa jübüdi saýlanypdyr.

Twitter

Twitter sosial ulgamynyň agzalarynyň arasynda bolsa Türkmenistanda WeChat, WhatsApp, Viber ýaly käbir internet programmalarynyň ýapylmagy geçen hepdäniň dowamynda gürrüň edilen iň esasy temalaryň biri bolupdyr. Sosial ulgamyň Ataogly atly agzasy “Türkmenistanda Wechat ýapylany bäri indi köp türkmenler telegram.org programmany, yagny telegram ulanýar” diýip, tweet paýlaşypdyr.

Twitterde, şeýle-de “Emekdep” toparynyň hem meşhurlygy barha artýar. Bu toparyň 15-nji noýabrda ýazan “#Matal Hany aýdyň talyplar we okuwçylar: "Agyl doly akja guzy, ertir tursam. ýokja guzy" näme?” diýip soran matalyna hem ulgamyň agzalary dürli jogaplary galdyrypdyrlar.

@92Gunesh atly agza “Şol matalyň jogaby ýyldyz” diýip jogap galdyran bolsa, Jakmaral atly agza bolsa “Aýmy?” diýip sorapdyr. Iň soňunda agzalan topar bu matalyň jogabynyň ýyldyzdygyny aýdypdyr.
XS
SM
MD
LG