Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde protestler dowam edýär


Studentleriň protesti, Kiýew, 26-njy noýabr, 2013.
Studentleriň protesti, Kiýew, 26-njy noýabr, 2013.
Ukrainanyň Ýewropa bilen ýakynlaşmagynyň tarapynda çykyş edýän protestçiler ukrain hökümetiniň Kiýewdäki edara jaýynyň öňünde piket geçirýärler.

Sişenbe günki proteste gatnaşýanlar Kiýewiň syýasy ugruny üýtgedip, şu hepdäniň aýagynda Wilnýusda geçiriljek sammitde Ýewropa Bileleşigi bilen birleşmek barada ylalaşyga gol çekmegini talap edýärler.

Protestleriň dowamynda haýsydyr bir çaknyşyklaryň bolup geçendigi barada habar berilmedi.

Geçen gijäniň dowamynda protestçiler Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda ornaşdylar we ýylynmak üçin ot ýakdylar.

Protestçileriň maksady

Protestçileriň biri Petro Lýutko anna güni Wilnýusda boljak sammite çenli köçede oturjagyny habar berdi we bu hereketini ýurduň geljegi hem öz çagalarynyň geljegi üçin edýändigini aýtdy.

Ýene bir protestçi Wadim Toropow eger Kiýew Ýewropa Bileleşigi bilen ylalaşyga gol çekmese, protestçileriň häkimiýeti agdarmaga-da taýýardygyny aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde-de, Ukrainanyň howpsuzlyk güýçleriniň aýtmagyna görä, prokuratura duşenbe güni näbelli adamlar tarapyndan polisiýanyň awtoulagyna edilen hüjüm boýunça derňew geçirýär.

Howpsuzlyk agentligi bu derňewleriň köpçülikleýin çäreleriň dowamynda terrorçylyk howpunyň öňüni almak ugurndaky hereketleriň çäginde amala aşyrylýandygyny mälim etdi.

Protest çykyşlaryny geçirýän oppozision toparlaryň biri bolan “Swoboda” atly guramanyň lideri Oleg Týagnibogyň sözlerine görä, protestçiler Kiýewiň merkezinde Ukrainanyň howpsuzlyk gulluklarynyň awtoulagyny ele salyp, içinde adamlaryň özara gürrüňi diňlenýän aňtaw gurallaryny tapypdyrlar.

Hepdäniň duşenbe güni Ukrainanyň öňki premýer-ministri, häzir tussaglykda saklanýan Ýuliýa Timoşenko Ýewropanyň tarapynda çykyş edýän protestçilere raýdaşlyk bildirip, açlyk yglan etdi.

Timoşenko protesçilere ýollan hatynda prezident Ýanukowiçiň Ýewropa bilen bileleşmek barada ylalaşyga gol çekmegini talap etdi.

Resmi çykyşlar

Ukrainanyň parlamentiniň metbugat gullugy parlamentiň spikeri Wolodymyr Rybagyň Litwanyň parlamentiniň ýolbaşçysy Loreta Grauziniene bilen duşuşjakdygy barada habar berdi. Häzirki wagtda Litwa Ýewropa Bileleşigine prezidentlik edýär.

Duşenbe güni Ýewropa Bileleşigi Orsýeti Ukrainanyň Ýewropa bilen ýakynlaşmazlygy üçin Kiýewe basyş etmekde aýyplady.

Orsýet Ýewropa Bileleşiginiň tankytlaryny ret edýär.
XS
SM
MD
LG