Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"AMA" baýraklary gowşuryldy


Aýdymçy Teýlor Swift.
Aýdymçy Teýlor Swift.
Ýakynda (24-nji noýabrda) Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “ABC” telekanalynda “American Music Awards” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu bäsleşikde dürli ugurlar boýunça amerikaly aýdymçylara, olaryň bir ýylda eden işlerine we gazanan üstünliklerine görä, sylaglar gowşuryldy.

Bäsleşikde sungat işgärlerine aýdym-sazyň jemi 22 ugry boýunça sylag gowşuryldy. Bu bäsleşik aýdymçylara internetden online we Twitter sosial ulgamy arkaly ses bermek görnüşinde geçirildi.

“American Music Awards” bäsleşiginde amerikaly aýdymçy Taylor Swift “Ýylyň iň gowy aýdymçysy” diýen sylaga mynasyp boldy. Bu barada “American Music Awards” bäsleşiginiň websahypasynda bellenilýär.

23 ýaşyndaky Swift bu sylaga eýe bolmak bilen bu ugurda özi bilen birlikde dalaş eden Justin Timberlake, Rihanna, Bruno Mars and Macklemore & Ryan Lewis ýaly aýdymçylardan ozup geçdi.

Şeýle-de Swift bu bäsleşikden jemi dört sylag bilen yzyna dolandy. Ol “Şu ýylyň iň gowy aýdymçysy” diýen sylagdan başga-da, “Ýurduň iň gowy zenan aýdymçysy”, “Ýurduň iň gowy albomy”, “Iň gowy pop/rok zenan aýdymçysy” ýaly sylaglaryň hem eýesi boldy.

“Iň gowy erkek aýdymçy”

32 ýaşyndaky aýdymçy Justin Timberlake bolsa şu ýylyň “American Music Awards” bäsleşiginde aýdym-sazyň jemi bäş ugry boýunça dalaş etdi. Ol bu bäsleşigiň soňunda “Iň gowy erkek aýdymçy”, aýdym-sazyň “Soul/R&B ugry boýunça iň gowy erkek aýdymçy”, aýdym-sazyň “Soul/R&B ugry boýunça iň gowy albom” ýaly sylaglara mynasyp boldy.

Bäsleşikde britaniýaly “One Direction” topary “Aýdym-sazyň pop/rok ugry boýunça iň gowy topar” diýlip saýlandy. Bäş sany ýaş oglandan ybarat bu topar şeýle-de “Iň gowy pop/rok albomy” sylagyna hem mynasyp boldy.

“American Music Awards” bäsleşiginiň websahypasynda berilýän maglumata görä, “Şy ýylyň iň gowy täze aýdymçysy” adyna 20 ýaşyndaky amerikaly aýdymçy Ariana Grande eýe boldy.

Amerikanyň “ABC” telekanalynda görkezilen bu dabarada Jennifer Lopez, Miley Cyrus, Katy Perry ýaly aýdymçylar sahnada aýdym aýtdylar.

“American Music Awards” bäsleşigi 1973-nji ýylda amerikaly Dick Clark tarapyndan döredilip, ol amerikan aýdymçylaryny sylaglamak üçin her ýyl geçirilýän dabaradyr. Bu dabaranyň ýeňijileri halkyň ses bermegi netijesinde saýlanylýar.
XS
SM
MD
LG