Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Hüjümlerde 39 adam öldi


Yrakda ýüze çykan partlamalarda azyndan 39 adam öldi we başga-da 120-den gowragy ýaralandy.

Partlamalaryň iň pajygalysy şaýy musulmanlarynyň köpçülikleýin ýaşaýan etraby Baýada bolup geçdi. Ýekşenbe günki şol hüjümde bombaly ulagyň partladylmagy netijesinde ýedi adam öldi we başga-da 14 sanysy ýaralandy.

Yrakdaky ýowuzlyklar barha möwjeýär. Ýurduň paýtagty her gün diýen ýaly nyşana alynýar. Birleşen Milletler Guramasynyň raportyna görä, şu ýyl Yrakda 8 müňden gowrak adam heläk bolupdyr.

Henize çenli ýekşenbe günki hüjümleriň jogapkärçiligini hiç bir topar öz üstüne almady. Emma 2011-nji ýylda ABŞ-nyň goşunynyň Yrakdan çykmagy we goňşy Siriýada krizisleriň artmagy bilen “Al-Kaýda” topary ýurduň dürli künjeklerindäki häkimiýetini artdyrdy.
XS
SM
MD
LG