Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI: "Bagtyýarlyk ýa-da şol bir repressiýalar"


Amnesty International guramasynyň Türkmenistan barada hasabatynyň baş sahypasy, 2013
Amnesty International guramasynyň Türkmenistan barada hasabatynyň baş sahypasy, 2013
Düýbi Londonda ýerleşýän Amnesty International guramasy Türkmenistanda 15- dekabrda boljak parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýy barada hasabat ýaýratdy.

"Türkmenistanyň Bagtyýarlyk döwri ýa-da şol bir repressiýalar dowam edýär" atly hasabatda ýurtda adam hukuklarynyň depelenişi bilen bagly wakalar barada jikme-jik maglumat berilip, ýagdaý düýpli analiz edilýär.

Türkmenistanda ýetip gelýän parlament saýlawlarynyň öň ýanynda çap edilen bu hasabatda “ýurtda güýçli repressiýalaryň dowam edýändigi, adamyň esasy hukuklarynyň äsgerilmeýändigi, ençeme ýyl bäri basyş astynda bolan tutuş jemgyýetiň gorky astynda galýandygy nygtalýar.

Amnesty International guramasynyň ýazmagyna görä, reformalary geçirmek niýetini mälim eden türkmen hökümeti halkara jemgyýetçiligini aldaýar.

Ýurtda oppozision ýa-da başgaça garaýyşly adamlara yzygiderli basyş edilýändigi, tussaghanalarda adamlaryň gynamalara sezewar edilýändigi, raýatlaryň söz, pikir, bileleşmek azatlyklarynyň gödek depelenýändigi barada maglumatlar gowuşýar diýip, Amnesty International türkmenistanlylaryň gorky astynda ýaşaýandygyny we köpçüligiň öz pikirni açyk beýan etmekden hem hökümeti tankyt etmekden çekinýändigini aýratyn belleýär.

Türkmenistanda 37 müňden gowrak adam ýurtdan çykmagy gadagan edýän “gara sanawa” girizilendigi, “Türkmen hökümeti aragatnaşyga we informasiýa berk gözegçilik edýändigi, häkimiýetleriň internete we telefona gözegçilik etmek üçin uly möçberde pul sarp edýändigi barada maglumat bar diýip,"Türkmenistanyň Bagtyýarlyk döwri ýa-da şol bir repressiýalar dowam edýär" atly 44 sahypalyk hasabatda aýdylýar.
XS
SM
MD
LG