Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar we gyz alyp gaçmak


Gyrgyz gyzynyň alnyp gaçylyşyny görkezýän surat.
Gyrgyz gyzynyň alnyp gaçylyşyny görkezýän surat.
Golaýda gazak gyzynyň süýrelmegi, ýagny zor bilen alnyp gaçylmagy barada çykan habarlar sosial ulgamlarda uly seslenmä sebäp boldy.

Gyz süýremek, ýagny başga biriniň maşgalasyny zor bilen alyp gaçmak Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda, şol sanda türkmenleriň arasynda hem göze ilýär.

Gazak gyzynyň süýrelmegi
please wait

No media source currently available

0:00 0:05:55 0:00

Ýöne bu ýagdaýa Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda bolan garaýyşlaryň dürli-dürli bolşy ýaly, oňa garşy görkezilýän reaksiýalar hem dürli-dürli. Meselem, şeýle ýagdaý kähalatlarda ganly çaknyşyklara sebäp bolsa, käbir halatlarda, alnyp gaçylan gyz baran maşgalasynyň şertlerine kaýyl bolup ýaşaýar.

Eýsem, türkmen jemgyýetinde gyzlaryň alnyp gaçylmagyna nähili garalýar? Ýaşlar bu barada näme pikirde?

Nobatdaky Täze Tolkun gepleşigimizde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi, gören-eşidenleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG