Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet-ukrain ylalaşygy “maýdançylara” täsir edermi?


Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin
Wiktor Ýanukowiç garaşylmadyk ýagdaýda Ýewropa bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ret edensoň, Ukrainada “Ýewromaýdan” protestleri başlandy. Bu hepde bolsa Ýanukowiçiň Orsýet bilen 15 milliard dollarlyk ylalaşyga gol çekmegi käbir demonstrantlary halys tapdan düşürdi.

Sebäbi Orsýet bilen baglaşylan şertnama Ukrainany Ýewropadan has hem uzaklaşdyrýar. Muňa garamazdan, käbir protestçiler bu ýagdaýyň özlerini has hem aýgytly göreşmäge iterýändigini aýdýarlar.

Ukrain hökümeti Ýewropa bilen integrasiýa ylalaşygyna gol çekmekden ýüz öwrensoň, hökümetiň bu kararyna protest bildirmek üçin ukrainalylar Kiýewiň “Garaşsyzlyk” meýdançasynda ýygnanyşyp, protest çäresini geçiripdiler. Ynha, indi protestler başlanaly bäri bir aý çemesi wagt geçdi.

Gün geçdigiçe, “Ýewromaýdandaky” protestçileriň sany hem köpeldi. Sany 800 müň adama çenli baryp ýeten demonstrantlar diňe bir skweri eýelemän, eýse Kiýewiň şäher geňeşini we söwda bilelişikleriniň binalaryny hem eýelediler we aram-aram polisiýa işgärleri bilen arada dargtgynly pursatlar hem ýüze çykdy.

"Şowsuzlyk"

Muňa garamazdan, şu hepde, has takygy 17-nji dekabrda, ukrainaly protestçiler gazaply şowsuzlyga uçradylar. Wiktor Ýanukowiç her edip-hesip edip, Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen 15 milliard dollarlyk “improwizirlenen ylalaşyga” gol çekmegiň ugruny tapdy we şeýle etmek bilen ol onsuzam gyl üstünde duran “ÝB integrasiýasyna” böwet boldy.

Bu ýagdaýa biparh garaýanlar hem bar. Mysal üçin, Lwow şäherinden protestlere gatnaşmak üçin Kiýewe gelen 48 ýaşly demir ussasy Oleksandr Powhanyň hiç zat piňine-de däl. Ol: “Onuň [Ýanukowiçiň] indi gitjegi anyk. Ol “o ýerde bu ýerde” ukrain halkynyň adyndan karar kabul eden bolup ýör, ýöne ol kararlar biziň üçin hiç zady aňlatmaýar. Sebäbi onuň indi halkyň adyndan çykyş etmäge haky ýok. Ynha, biz şu ýerde durus we hökümetdäki talaňçylaryň eli-goly baglanýança-da, şu ýerde durarysam” diýýär.

Bu ylalaşyga “Maýdan” protestçileri nägilelik bildirdiler, ýöne çärä gatnaşanlaryň sanynyň köp däldigi mese-mälim göze ilýärdi. Demonstrasiýa gatnaşan ýadaw protestçiler bu gezek proteste köp adamyň gatnaşyp bilmändigini aýtdylar.

Ýekşenbe güni uly möçberli ýörişleri meýilleşdirýän köp sanly ukrainalylar Ýanukowiçiň Moskwa bilen gol çekişen ylalaşygy, ýagny “pul karzlary” we Orsýetden alynýan gazyň arzanladylmagy, “Ýewromaýdan” protestlerine gatnaşjaklaryň sanyna nähili täsir ederkä diýip gyzyklanýarlar.

36 ýaşly lukman Wiktor Kiýewde geçiriljek protest çärelerini goldaýandygyny, emma oňa gatnaşmajakdygyny aýtdy. Ol geçirilýän demonstrasiýalaryň saýlawlaryň öňe süýşürilmegine, ýurduň ÝB bilen integrasiýasyna ýa-da bolmasa protestçileriň beýleki talaplaryna oňyn täsir etjekdigine şübheli garaýandygyny aýdýar: “Orsýet özüne peýda getirjek şertleri Ukraina teklip edip, bize zyýan edýär. Men şu ýurtda 36 ýyl ýaşap, bir zada anyk göz ýetirdim, ýagny ýurduň içindäki ýagdaýlar düzelmez. Şonuň üçin adamlar bu ýerde durarlar we demonstrasiýa çäresini geçirerler. Ýewropa we Amerika häkimiýetleriň taktikalaryny tankyt ederler. Ýöne, meniň pikirimçe, hiç zat üýtgemez.”

Oppozisiýa wekilleri

Köp sanly protestçi “Ýewromaýdan” protestleri bilen baglanyşdyrylýan üç sany oppozisionerden, ýagny Witaliý Kliçkodan, Arseniý Ýatsenýukdan we Oleh Týahnybokdan dura-bara bez bolandyklaryny boýun alýarlar.

Ady agzalýan oppozisionerler skwere yzygiderli gelip, protestçileriň halyndan habar alýan hem bolsalar, birden syýasy geçiş amala aşan ýagdaýynda “bitaý troýka” adamlaryň talaplaryny kanagatlandyryp bilermi diýen sorag protestçileri ynjalyksyzlandyrýar.

Wolyn welaýatyndan gelip, protest çärelerine gatnaşýan 30 ýaşly söwdagär Ruslan Gidiçiň pikirine görä, öňe saýlanýan syýasatçylaryň hiç haýsysy güýji gaçan Ýanukowiçden üýtgeşik bolmaz. Onuň aýtmagyna görä, ýakymsyz milli garaýyşlary öňe sürýän Týahnybok hiç kimçe-de bolmaz.

Şeýle-de Ruslan Gidiç agzalýan syýasatçylaryň ozalky premýer-ministr Ýuliýa Timoşenkonyň azat edilmegi üçin ýeterlik basyş etmeýändiklerinden şikaýat edýär: “Ýatsenýuk hem şolardan biri. Ony hiç kim goldamaz. Dogrymy aýtsam, Kliçkodan başga göreşýän adam ýok. Men şony özüne çekiji hasaplaýaryn. Saýlawda Kliçko ses berip bilerin. Iň bolmanda telewizora-ha gelişýär şol. Ýöne ol entek syýasatda gögele. Meni gyzyklandyrýan bir zat bar, ýagny näme üçin olar Ýuliýa Timoşenkonyň boşadylmagyny talap etmeýärler? Sebäbi olaryň özleri ada gyzýarlar. Sebäbi olaryň özleriniň prezident bolasy gelýär.”

Muňa garamazdan, protest çärelerine tutanýerli gatnaşýanlar hem bar. Ýyly çadyrlary, gyzgyn naharlary we aýdym-sazly çykyşlary bilen olar “Täze ýyl” baýramçylygyna çenli, hatda ondan soň hem özleriniň syýasay maksatlary ugrunda göreşmek üçin bu ýerde galmak isleýändiklerini aýdýarlar.

Käbir adamlaryň aýtmagyna görä, Ýanukowiç halka sala salmazdan ýa-da parlamente geňeşmezden, ylalaşyga gol çekmek bilen öz gaçjak çukuryny özi gazdy.

"Geljek"

Kiýewli žurnalist Maksim Eristawi bu barada şeýle gürrüň berýär: “Bu hereket bilen Ukrainada graždan jemgyýeti oýandy diýsegem bolar. Munuň geljegi bar. Şeýle-de adamlar topar-topar bolup, uzak wagtdan bäri protest çärelerine gatnaşýarlar. Beýle ýagdaýyň syýasy taýdan netijesiniň bolmazlygy mümkin däl.”

Skwerde 62 ýaşly pensioner Wasil Dreguş Ukraina üçin göreşmegiň nämedigini ilkinji gezek duýan we ýaş aktiwistler hem talyplar toparyny synlap, kämil nazaryny şolardan aýryp bilenok.

Ukrainanyň Ternopil şäherinden Kiýewe gelen Dreguş, howanyň sowugyna polisiýanyň hüjümine garamazdan, her gün, edil işe gatnaýan ýaly, proteste gatnajakdygyny aýdýar: “Men gorkýanmy? Men hiç zatdan gorkamok. Özüm üçin gorkamok. Ýöne siz şu ýerde näçe sany ýaş oglan-gyz görýärsiňiz? Ynha, men şolaryň aladasyny edýärin”.
XS
SM
MD
LG