Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kuba rus ýadro suwasty gämisiniň Hawana geljekdigini aýdýar


Russiýanyň “Kazan” atly ýadro-kuwwatlandyrylan suwasty gämisi (arhiw suraty)
Russiýanyň “Kazan” atly ýadro-kuwwatlandyrylan suwasty gämisi (arhiw suraty)

Geljek hepde Russiýanyň ýadro-kuwwatlandyrylan suwasty gämisi Kubanyň paýtagty Hawana geler. Bu barada Kubanyň kommunistik häkimiýetleri 6-njy iýunda mälim etdiler.

“Kazan” atly suwasty gämide ýadro ýaragy bolmaz, şeýle-de onuň bilen birlikde Russiýanyň ýene üç gämisi, ýagny Admiral Gorşkow raketa frigaty, nebit tankeri we halas ediş tirkegi hereket eder. Olar Kubanyň paýtagtynda 12-17-nji iýun aralygynda bolarlar diýip, Kubanyň Rewolýusiýa Ýaragly güýçleri ministrligi mälim etdi.

Rusiýanyň kuwwatly suwasty gämisiniň adaty bolmadyk bir ýagdaýda Birleşen Ştatlara golaý gelmegi, iki ýurduň Ukrainadaky uruş babatyndaky dartgynlylyklaryň ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Sowuk Urşy döwri, 1962-nji ýylda ABŞ-nyň golaýynda sowetleriň ýadro raketalarynyň ýerleşdirilmegi, Kuba raketa krizisiniň döremegine sebäp bolupdy.

XS
SM
MD
LG