Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar we fitness merkezleri


Fitness maşyklaryň netijesi
Fitness maşyklaryň netijesi
Soňky ýyllarda bütin dünýäde bolşy ýaly Türkmenistanda hem aýal-gyzlar beden terbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen gyzyklanyp başladylar. Beden terbiýe we sportuň bir görnüşi hem fitness merkezlerine gatnamak.
Dürli sport enjamlaryny öz içine alýan fitness merkezlerine diňe sport üçin däl, daşky-keşbiňi has owadanlaşdyrmak ýa-da şol owadanlygy saklamak üçin, ýa bolmasa-da diňe saglykly we rahat ýaşamak üçin hem gatnalýar.
Gürrüňi edilýän bu merkezlerden Aşgabatda hem bar. Eýsem, paýtagtdaky bu merkezlerde şertler nähili? Şeýle-de, bu merkezlere aýal-gyzlaryň gatnaşygy hem-de oňa gatnaýan aýal-gyzlara garaýyşlar nähili?
Täze Tolkunyň nobatdaky gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.
Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG