20 ýaşyndaky çeh studenti Ýan Palah 1969-njy ýylyň 16-njy ýanwarynda, Warşawa şertnamasynyň goşunlarynyň 1968-nji ýylyň awgustynda Çehslowakiýa girizilmegine protest bildirip, Pragada özüni otlady. Ol şondan üç gün soň ýanyk ýaralaryndan wepat boldy. Palahyň jaýlanmagy Sowet Soýuzynyň Praga baharynyň liberal reformalaryny derbi-dagyn etmegine garşy oppozisiýanyň köpçülikleýin protestine öwrüldi. Onuň protest hereketi biraz soň ýene iki adamy, Ýan Zaýisi we Ewzen Ploseki özüni heläklemäge ruhlandyrdy. 1989-njy ýylda, Palahyň ölüminiň 20 ýyllygy sebäpli gurnalan ýygnanyşyklar köpçülikleýin anti-kommunistik protestlere öwrülip, şol ýylyň aýagynda kommunistik režimiň agdarylmagyna getiren Mahmal rewolýusiýa pursatyny döretdi.
Çeh studenti Ýan Palahyň özüni otlanyna 45 ýyl boldy

1
1969-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda adamlar Ýan Palahyň hormatyna Praganyň “Weçeslaw” meýdanyna gül desselerini goýýarlar. Bu wakadan üç gün öň Palah aradan çykypdy.

2
Ýan Palah Pragadaky Çarles uniwersitetiniň taryh fakultetinde okaýardy. Bu suratyň haçan düşürilendigi barada takyk maglumat ýok.

3
1969-njy ýylyň ýanwar aýy, uniwersitetiň umumy ýaşaýyş jaýynda Palahyň bile ýaşan otag ýoldaşy.

4
Palahyň antikommunist protesti adamlary demonstrasiýalary geçirmäge ruhlandyrdy. Onuň özüni otlap ölen güni, ýagny 19-njy ýanwarda Palahyň hormatyna açlyk yglan eden adamlar Praganyň merkezinde ýygnanyşdylar.