Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ilkinji hem soňky


Türkmenistanly general-leýtenant Ilýa Weljanow we Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Fratkow. Tbilisi, Gürjüstan. 3-nji iýun, 2006 ý.
Türkmenistanly general-leýtenant Ilýa Weljanow we Russiýanyň premýer-ministri Mihaýil Fratkow. Tbilisi, Gürjüstan. 3-nji iýun, 2006 ý.
Sowetler zamanynda türkmenlerden ilkinji ýetişen general-leýtenant Ilýa Weljanow 80 ýaşady.

Bu tanymal ynsan bilen biziň duşuşygymyz 92-nji ýylda bolup geçdi. O döwürde SSSR ýykylypdy, Türkmenistan öz garaşsyzlygyny jar edipdi. Şeýle-de bolsa, Türkmenistana özbaşdak döwlet diýmek kyndy, köp babatda, aýaratyn-da, maliýe, pul-haryt dolanyşygy, söwda işlerinde, aragatnaşyk – kommunikasiýa meselesinde, transportyň ähli ugurlarynda Moskwa bagly bolup durýardy.

Şol döwürde biz general-leýtenantlyk derejesine ýeten türkmeniň, hereket edýän goşunda harby ýolbaşçy bolýan serkerdäniň Aşgabada gelenini eşitdik. Onuň ýakyn dostuny tapyp, görüşmek isleýändigimizi aýtdyk. Ol munuň üçin wagt tapyp razylyk beripdir.

Bu geň ýagdaý boldy. Sebäni türkmenden generallyk derejesine ýetenler bolupdy. Olar az bolsa-da, käte general Bagşy Ataýewi ýa-da Aman Rozyýewi görmek bolýardy. Ýöne zer pogonynda iki uly ýyldyzy bolan türkmen ýokdy, ony görmändik. Indi ol biz bilen görüşmäge taýyndygyny aýtdy.

Büzmeýiniň beton jaýlaryndaky üç otagly kwartiralaryň birinde, general-leýtenant bilen duşuşdyk. Ol derejesine hem şan-şöhratyna laýyk, örän berdaşly, hakyky pälwan sypat, syratly hem gujurly adam ekeni.

“Mundan kagyzyň ysy gelýär”

Ol bizi özüne öwrenişdirýän şekilli Aşgabadyň 1-nji bazaryna barşyny gürrüň berdi.

Onuň dosty: “Heý, bu ýerden göwnüň isleýän zat barmy?” diýipdir. Ilýa Weljanow çagalygyny, şol hor-homsy ýyllary ýatlap, guradylan kolbasany ýatlapdyr. Olar kolbasa satylýan ýere barýarlar. Ilýa Weljanow asylyp goýlan, daşyndan örän owadan görünýän kolbasalary synlaýar hem ysgap görýär. Dosty ondan: “Tanaýaňmy? Nähili görýäň?” diýip soraýar. Ilýa başyny ýaýkap: “Mundan kagyzyň ysy gelýär” diýipdir.

– Şol döwürlerde kolbasanyň hili häzirkisinden gowumy ýa olaram şular ýalymy, ony biljek däl, ýöne biz üçin elýetmez zatdy. Bu gysga döwürde geçilen ýol örän uly boldy.

Şol sözden soň, biziň dilimiz açyldy. Geçilen ýol hem geljek baradaky gürrüň başlandy. SSSR-iň Ýaragly güýçleri, ýurduň harby kuwwaty hem Sowuk urşy döwrüniň bäsleşikleri barada biziň sowallarymyza Ilýa Weljanow açyk hem kesgin jogap berdi.

Ol gürrüňdeşlige açyk adam ekeni, ýöne onuň kommunistdigi, SSSR-iň harby akademiýalarynda ýeterlik syýasy tälim alandygy bildirýärdi. Elbetde, ol her adamyň öz dünýägaraýşy, onuň bilen ylalaşmak ýa-da ylalaşmazlyk başga mesele. Gürrüňçilik barada aýdylanda, ol öz pikirini ýaşyrmaýan, açyk aýdyp bilýän ynsan ekeni.

Nyýazow bilen duşuşyk

80-nji ýyllaryň aýagynda S.A.Nyýazow syýasy çäre bilen Azerbaýjana barýar. Şol döwürde I.Weljanow Kawkaz goşunlarynyň komanduýuşisiniň orunbasary wezipesinde ekeni. S. Nyýazowyň Bakuwa gelenini oňa aýdýarlar, S.Nyýazowa hem şol ýerde general-leýtenant çinine ýeten türkmeniň gulluk edýändigini aýdýarlar.

Muňa S.Nyýazow birbada ynanmandyr, sebäbi şeýle türkmeniň bardygyny eşitmän ekeni. Soňra olaryň arasynda duşuşyk bolupdyr. Ýöne ol ýürekdeş geçmändir. Megerem, S. Nyýazow özünden beýik türkmen bardyr diýip göwnüne getirmedik bolarly. I.Weljanow muny ýaşyrman gürrüň berdi.

Bu ynsanyň ömür ýoly geň hem göreşli.

Ilki bellemeli zat, harby gulluga ony takdyry getiripdir. Ýogsam bolmasa ol tälim berijileriň maslahaty bilen medisina işgäri bolup biljek ekeni, demir ýolçy ýa-da senagat maşyn-gurluşygynyň inženeri bolaýmagy-da mümkin ekeni.

Ýöne gulluga çagyrylýar hem şol gullukdan soň Daşkendiň umumy goşun harby uçilişesine okuwa iberilýär. Ol bu okuw jaýyny ýokary dereje bilen gutarýar. 65-nji ýylda M.W.Frunze adyndaky Harby akademiýany tapawutlanan baha bilen gutaryp, medala mynasyp bolýar. Ýöne medal ýetmezçilik edeni üçin, bir hepdeden soň, onuň gazanan ýokary bahasyny bir bal peseldýärler. Muňa derek ol SSSR Ýaragly Güýçleriniň Baş ştabynyň Ýokary harby akademiýasyny tapawutlanan bahalar bilen gutarýar. Şeýdip, ol özüne ýol saýlaýar.

Sowetler döwünde şeýle bir ajy degişme bardy. Ýokary harby akademiýada sapak berýän bir generaldan: “Ýönekeý soldat generallyk çinine ýetip bilermi?” diýip soraýarlar. Ol munuň bolmajak zatdygyny aýdýar. Sebäbini soranlarynda:

– Sebäbi generalyň öz ogly bar – diýip jogap berýär.

Ilýa Weljanow şol derejä ýetdi. Hereket edýän goşunda general-leýtenant çinini aldy hem ençeme orden-medala mynasyp boldy.

Bu Sowetler döwründäki türkmeniň taryhynda ilkinji gezek hem soňky gezek boldy.

Ýeri gelende aýtsak, geçen Watançylyk urşy ýyllarynda Gyzylarbatdan ýedi adam Sowet Soýuzynyň Gahrymany bolupdyr. Beýle köp gahryman ýuduň başga bir şäherinden çykmady. Soňra parahatçylyk döwründe şol toprakda dünýä inen oglanjyk general-leýtenant derejesine ýetdi. Bu, megerem, parahatçylyk döwrüniň iň ýokary gahrymançylygy bolsa gerek.

Makalada öňe sürülen pikirler awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG