Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Ýaşlyk” telekanaly – siz näme pikirde?


Türkmenistanyň "Ýaşlyk" telekanalyndan bir bölek.
Türkmenistanyň "Ýaşlyk" telekanalyndan bir bölek.
Prezident Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 10-njy ýanwarda geçirilen hökümet ýygnagynda, beýleki dürli meseleler bilen bir hatarda, türkmen telewideniýesiniň işi hakda hem ýene bir gezek gürrüň edildi.

Ýygnakda prezident soňky ençeme aýyň dowamynda gaýtalan tankydyny, pikirini ýene bir gezek gaýtalap telekanallaryň gepleşikleriniň hiline nägilelik bildirdi. Gürrüň esasanam “Ýaşlyk” telekanaly hakda bolup, prezident bu telekanalyň ýolbaşçysyny wezipesinden boşatdy.

Ýaşlar, bu türkmenistanyň telekanallary barada birinji gezek edilýän tankyt däl. Esasanam "Ýaşlyk" telekanalyny göz öňünde tutup aýtsak, siz bu telekanalyň gepleşikleriniň hiline nähili baha berýärsiňiz? Telekanalyň ýolbaşçylary öz gepleşikleriniň hilini nähili ýokarlandyryp biler?

Täze Tolkunyň nobatdaky gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG