Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäniň iň halanýan adamlary


Dünýäniň iň halanýan adamylarynyň sanawy
Dünýäniň iň halanýan adamylarynyň sanawy
Ýakynda “The Times” gazeti dünýäniň dürli künjeklerindäki adamlaryň ses bermegi esasynda “Planetanyň iň halanýan adamsyny” saýlady.
“The Times” gazetiniň geçiren täze pikir soralyşygyna görä, dünýädäki iň baý adam iň gowy görülýän adam bolup çykýar. “Microsoft” kompaniýasyny döredijileriň biri we milliarder Bill Gates gürrüňi gidýän titula eýe bolmak ugrundaky bäsleşikde ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamadan, Wladimir Putinden we rim papasy Fransisden has köp ses alyp, dünýäniň iň halanýan adamy diýlen ada mynasyp boldy.
“Dünýäniň iň halanýan adamy” atly sanawyň ilkinji onlugyna Beýik Britaniýadan hiç kim girizilmändir. “YouGov” atly bu pikir soralyşykda Stiwen Howkin 16-njy orunda ýer almagy başarypdyr.

Beýik ​Britaniýa
Diňe beýik britaniýalylaryň ses bermeginde ýurduň iň halanýan syýasatçysy diýlip, Beýik Birtaniýanyň garaşsyz partiýasynyň lideri Niger Farage saýlanyldy. Farage özüniň beýleki syýasy partiýalaryň liderlerinden üýtgeşikdigini aýdyp, meşhurlyga eýe bolupdy. Ol beýleki syýasy partiýalaryň liderleriniň “hemmesiniň meňzeşdigini” aýdýar. Muňa garamazdan, ol hem diňe beýik britaniýalylaryň ses berişliginde 16-njy orny eýelemegi başardy.
Ses berişligiň netijelerine görä, bu sanawda korolewa, ýagny şa zenany Ýelizaweta birinji orny eýeledi, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidenti - ikinji we rim papasy Fransis - üçünji orunlary aldylar. Beýik Britaniýanyň şa zenany Hindistanda iň halanýan adamlaryň birinji onlugyna girip bilmedi.
Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron bolsa müňlerçe britaniýalylaryň diňe ikisi tarapyndan “iň halanýan” adam diýlip görkezilipdir. Ýurtda belli syýasatçylaryň biri bolan Ed Milibandyň ady sanawda hiç hili agzalmaýar. Diňe nemesleriň ses bermegindäki düzülen sanawda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel ikinji orunda ýerleşdirilipdir.

Ilkinji onluk
Dünýäniň iň halanýan adamlary atly sanawda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin üçünji orunda ýerleşdirilipdir. Hytaýyň prezidenti Si Jinping, hindi milletçisi Narendra Modi, hindistanly aktýor Amitabh Baççan we milliarder, maýa goýumçy Warren Buffet dagylar dünýäniň iň halanýan adamlarynyň sanawyndaky ilkinji onluga girmegi başardylar.
Bu sanawa ses bermäge Beýik Britaniýadan, Fransiýadan, Germaniýadan, Russiýadan, ABŞ-dan, Awstraliýadan, Pakistandan, Indoneziýadan, Hindistandan, Hytaýdan, Müsürden, Nigeriýadan we Braziliýadan takmynan jemi 14 müň adam gatnaşdy.
Russiýalylaryň arasynda iň halanýan adamlaryň onusyndan ýarpysy aýallar bolup, olaryň arasynda Angelina Jolie, Madonna we şa zenany Ýelizaweta ýaly şahsyýetler bar.
Bill Gates dünýäniň iň halanýan adamy diýlen titula eýe bolmak bilen birlikde hytaýlylaryň arasynda geçirilen ses berişlikde-de ilkinji orna eýe boldy. Bill Gates geçen ýyl dünýäniň iň baý adamy diýlen titula gaýtadan eýe bolupdy.

Iň halanýan we iň baý adam

Geçen ýyl onuň kompaniýasynyň aksiýasy 40% ýokary göterilenden soň, Gatesiň baýlygy 48 milliard britan paundyna, ýagny funt sterlingine çenli ýokary galdy. Häzirki wagtda ol özüniň haýyr-sahawat işleri bilen tanalýar. Gates “Bill we Melinda Gates” fonduna 17 milliard paund berdi. Bu fond ösüp barýan ýurtlarda poliomielit, gyzamyk kesellerini ýok etmäge ýardam berýär.
Dünýäniň iň halanýan adamlary atly sanawda Kiçi master ady bilen tanalýan hindistanly kriketçi Saçin Tendulkar öz ýurdunda uly meşhurlyga eýe bolany sebäpli bäşinji orunda ýerleşdirilipdir. Barselona futbol komandasynda oýnaýan, asly argentinaly futbolçy Lionel Messin goldawçylarynyň känligine garamazdan, bu sanawda diňe 15-nji orny alyp bilipdir.
Dünýäniň iň halanýan adamlarynyň sanawynda ilkinji orunda Bill Gates, ikinji orunda Barak Obama, üçünji orunda Wladimir Putin, dördünji orunda rim papasy Fransis, bäşinji orunda-da Saçin Tendulkar ýerleşdirilipdir.
Diňe beýik britaniýalylaryň ses bermegindäki düzülen sanawyň netijelerine görä, Beýik Britaniýada iň halanýan adamlaryň arasynda birinjiligi şa zenany Ýelezaweta II-nji, ikinji ýeri Amerikanyň prezidenti Barak Obama, üçünji ýeri-de rim papasy Fransis eýeleýär.
ABŞ-da, Braziliýada we Germaniýada iň halanýan adam diýlip, rim papasy Fransis saýlanylypdyr. Fransiýa, Nigeriýa we Indoneziýa ýaly ýurtlarda Barak Obama iň halanýan adam diýlip görkezilipdir.
XS
SM
MD
LG