Soçiniň etegindäki Lazarewskiý regionynyň birnäçe ýaşaýjysy territoriýa bikanun dökülýändigi aýdylýan zir-zibillere garşy kampaniýa alyp barýar. Zir-zibil dökülýän meýdan resmi taýdan 2012-nji ýylyň iýun aýynda ýapylypdy. Ýöne muňa garamazdan, Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda, Soçide gaýtadan bejeriş işleri başlananda gürrüňi edilýän territoriýadaky hapa-hupalaryň üýşmekleri hem ulalyp başlady. Topbak-topbak zir-zibilleriň çüýremegi netijesinde şol territoriýadan akyp geçýän derýanyň suwy goýy goňur öwüsýär. Fotosergidäki suratlar AÝ/AR-nyň Azerbaýjan gullugynyň habarçysy Abbas Atilaý tarapyndan surata düşürildi.
Soçidäki zibilhana

1
Bytha derýasy Üçdere obasynyň golaýyndaky zir-zibil dökülýän territoriýanyň içinden akyp geçýär. Bu zibilhana sowet döwründen bäri şu ýerde ýerleşýär.

2
Onuň golaýynda üç sany oba ýerleşýär. Olar Lu, Atarbekowo we Üçdere obalarydyr.

3

4
Zir-zibil dökülen meýdanda ýata suw kölçesi emele geldi.