Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşlar we Söýgüliler güni


Gyz we oglan
Gyz we oglan
Söýgüliler güni, ýagny Keramatly Walentin güni her ýylyň 14-nji fewralynda dünýäniň ençeme ýurtlarynda bellenilip geçilýär. Bu gün söýgüliler birek-biregine sowgat berýärler, gül gowşurýarlar ýa-da gutlag otkrytkasyny ugradýarlar.

Taryhy maglumatlara görä, Söýgüliler güni hristian din adamy Walentiniň söýgüsiniň hatyrasyna bellenilip geçilýär. Bu gün ilkinji gezek 496-njy ýylyň 14-nji fewralynda bellenilip başlanypdyr.

Eýsem, bu gün Türkmenistanda nähili bellenilýär? Bu günüň bellenilmegine ýaşlar nähili garaýarlar? Şeýle-de, ýaşlar siz bu güni nähili belleýärsiňiz? Söýgülileriňize nähili sowgatlar alýarsyňyz?

Täze Tolkunyň nobatdaky gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.

Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan edip bilersiňiz. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG