Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Aýal ata çykanda” düşünjesi


Gülşat Mämmedowa
Gülşat Mämmedowa
Türkmende aýal at üstüne çykanda diýen bir nakyl bar. Elbetde, ata-babalarymyzdan galan bu sözüň haýsy döwre degişlidigi hakda dürli soraglar bar. Emma ol döwür nähili döwür hem bolsa, bu ýagdaýyň häzir türkmenleriň köpçülikde ýaşaýan ýerlerinde kem-kemden üýtgäp barýandygyny aýtmaga esas bar.

Türkmenistanda indi, ep-esli wagtdan bäri parlamentiň ýolbaşçysy zenan maşgala, zenan ministrler hem bar. Şol bir wagtyň özünde-de owgan we eýran türkmenleriniň arasynda hem öňe saýlanan zenanlara has köp duş gelinýär.

Elbetde, ýagdaýa beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilip baha berlende, türkmenleriň henize çenli bu ugurdan ýetmeli sepgitleri az däl.

Eýsem, türkmenleriň arasynda zenanlaryň jemgyýetçilik pudaklarynda öňe saýlanmagynyň öňünde nähili böwetler bar? Sosial durmuşynda belli bir basgançaklary aşan zenanlaryň iş şertlerinde nähili bökdençlikler bar? Şeýle zenanlara il içinde nähili garalýar?

Dünýä türkmenleri gepleşigimiziň bu hepdeki sanynda ynha şu temalar hakda gürrüň ederis. Gepleşigimize sizi hem gatnaşmaga çagyrýarys. Oňa gatnaşmagyň iki ýoly bar, biri aşakdaky forumda pikiriňizi galdyrmak, ikinjisi bolsa gepleşigimize telefon arkaly gatnaşyp öz pikiriňizi aýtmak. Eger gepleşigimize gatnaşmakçy bolsaňyz, bize hat ýazyň, siz bilen özümiz habarlaşarys, adresimiz: hat@azatradio.org
XS
SM
MD
LG