Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazyň üstündäki oba gazsyzlykdan kösenýär


Saryjanyň ýaşaýjylarynyň biri odun çapýar
Saryjanyň ýaşaýjylarynyň biri odun çapýar
Şu ýyl Türkmenistan adaty bolmadyk sowuk günleri başdan geçirýär. Soňky bir aýyň dowamynda howanyň sowuklygynyň ortaça derejesi -10 gradus. Her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem ýyladyş ulgamyndaky bökdençlikler ýene-de dürli görnüşlerde dowam edýär.

Sowuk howa, tutuş ýurtda bolşy ýaly, Mary welaýatynyň Saryja obasyna we onuň ýaşaýjylarynyň durmuşyna-da öz täsirini ýetirýär.

Saryja obasynyň adynyň aýratyn tutulmagynyň sebäbi bar. Ilat sany 1500-2000 diýlip çak edilýän bu oba Murgap derýasynyň kenarynda ýerleşýär. Şonuň üçin sowuk howanyň täsiri bu obada has hem ýiti duýulýar. Sebäbi derýa tarapdan öwüsýän şemal bu oba ýygy-ýygydan çygly sowuk howany getirýär.

Gaz baýlygynyň üstündäki oba

Şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistan gaza örän baý ýurt we şol gaz ýataklarynyň iň ululary Mary welaýatynyň günorta böleginde ýeleşýär. Başga sözler bilen aýdylanda, hut gaz baýlygynyň üstünde oturan bu oba, sowuk günlerde ýylyň-ýylyna gazsyzlykdan kösenýär.

Häzirki günlerde obanyň käbir ýerlerinde gazyň basyşy aşa pes bolsa, käbir beýleki böleklerinde gaz asla ýok. Saryjanyň gapdalynda ýerleşýän Saryýazy obasynyň ýagdaýy hem şundan o diýen tapawutly däl. Özüni Kerwen diýip tanadan Saryja obasynyň 40 ýaşlaryndaky ýaşaýjysy bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Tomusda gaz erbedem bolanok, ýöne welin gyşyň sowuklarynda gazymyzdan peýda ýok. Gazyň bu ýanyşy bilen [onuň odundan] diňe çilim otlap bolýar, başga hiç zada ýaranok, ýyladyşyň dagy gürrüňinem edip oturmaly däl”.

Howanyň aşa sowan günlerinde Saryjanyň gaz gytçylygyndan kösenýändigi baradaky bu ýagdaý, ilkinji gezek duş gelinýän ýagdaý däl. Saryja obasynyň käbir ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmaklaryna görä, geçen ýyl, hatda ondan öňki ýyllarda hem ýagdaý häzirkisinden tapawutly bolmandyr.

Odun sektory

Gazsyzlyk bilen bagly ýagdaý ýylyň-ýylyna üýtgemänsoň, Saryjanyň ýaşaýjylary bu ýagdaýdan özleriçe çykalga tapýarlar, ol hem obada odun sektorynyň döremegi we bu ugurdan gazanç edýän adamlaryň peýda bolmagy bilen bagly.

Häzirki günlerde her öýuň öňünde diýen ýaly desse-desse odun bar, bu gyşa taýýarlykly gelen hojalyklara mahsus, emma gyşa taýýarlyksyz gelenler bolsa odunçylara bil baglamaly bolýarlar. Odunçylar diýip, sargyt esasynda çölden odun getirip satýanlara aýdylýar.

Ýörgünli odunlar

Iň ýörgünli odun bolsa - gandym agajydyr, onuň çapylmagynyň ýurtda gadagan bolmagyna garamazdan, gandym agajynyň odunyny obanyň her ýerinden tapmak mümkin, bir kubunyň bahasy bolsa 70 dollara barabar. Ortaça aýdylanda, gyşy geçirmek üçin her hojalyga üç kub gandym agajynyň zerurdygy aýdylýar.

Ýörgünli bolan odunlardan ýene birem ýylgyndyr, gandym bilen deňeşdirilende onuň bahasy arzanrak. Onuň bir tirkeginiň bahasy 30 dollar töweregi, emma bu pul gazanç meselesinde maldarçylyga bil baglaýan saryjalylaryň köpüsi üçin elýeterli däl.


Emma häzirki ýagdaýda başga çykalga hem ýok. Ýaşaýjylaryň ýerli häkimliklere ýazan arzalaryna henize çenli hiç hili jogap berilmändir. Bu ýagdaýyň ençeme ýyldan bäri gaýtalanýandygyny nazara alsaň, onda lapykeçlik bilen “bizi diňleýän ýok” diýýän obalylaryň sanynyň ýyl-ýyldan köpelýänligini-de aýtmak mümkin.

Emma şol bir wagtyň özünde-de Saryýazynyň çöl obasy barada aýdanyňda, täze gaz turbalary çekiljekmiş diýen myş-myş derejesindäki gürrüňler hem bar. Beýle gürrüňler mundan ozalam birnäçe gezek çykypdyr, bu gezek ol hakykata öwrüljege çalymdaş.

Ýöne Saryja obasynyň we onuň töweregindäki oba ýaşaýjylarynyň bu gyşy hem odunyň közüne çoýunyp geçirmeli boljagy welin ikiuçsyz.
XS
SM
MD
LG