"Daýhanbankdaky" nobatlar
"Daýhanbankyň" etraplardaky şahamçalarynda her gün diýen ýaly uly nobatlaryň döreýändigini ildeşlerimiz aýdýarlar. Ýogsam banklaryň ählisi döwrebap kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan. Beýle nobatlarda wagtal-wagtal dawa-jenjelleriň hem ýüze çykyp durýandygy aýdylýar.Döreýän nobatlar zerarly dokument resmileşdirilende tölemeli döwlet pajyny töläýän, karz pull almakçy bolýan ildeşlerimiz ýarym günläp nobata durmaly bolýandyklaryny aýtdylar. Beýle nobatlara esasanam Galkynyş, Garaşsyzlyk, Serdarabat etraplarynyň "Daýhanbanklarynda" duş gelmek bolýar. Wideoda Garaşsyzlyk etrap "Daýhanbanky" görkezilýär.
Epizodlar
-
Iýun 22, 2022
Stambul: türk aklawçysy türkmen resmilerini suda berdi