Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Äleme abanýan howp


Älemiň relikt şöhlelenmäniň (cosmic microwave background) esasynda Plank missiýasy tarapyndan düşürilen suraty
Älemiň relikt şöhlelenmäniň (cosmic microwave background) esasynda Plank missiýasy tarapyndan düşürilen suraty
Adamzadyň işi soňky döwürlerde asla oňmady. Dini taglymatlarda "ýaradylyşyň çür depesi, tutuş Älemiň patyşasy - sen. Seniň gündiziňi ýagtyltmak üçin asmanda Gün, gijäňi aýdyň etmek üçin asmanda Aý we ýyldyzlar ýaradyldy" diýilýänine ynanyp, hondan bärsi bolup ýören adamzada ilkinji zarbany 500 ýyl mundan ozal N.Kopernik (1473-1543) urdy. Ol öz geliosentrik dünýä sistemasy bilen adamzady Älemiň merkezinden çykardy.

Ondan soň hem Çarlz Darwin (1809-1882) maýmyndan azan diýip, ony haýwanlara goşdy. Şeýlelikde, adamzat tagtdan düşürilip, Älemdäki ýokary ornuny ymykly ýitirdi.

Ýöne Günorta Daniýa uniwersitetiniň (daniýaça: Syddansk Universitet; iňlisçe: University of Southern Denmark) teoretik fizikleriniň geçiren hasaplamalarynda gelen netijeleri dogry bolup çyksa, onda adamzat maýmyn edilip, Älemiň merkezinden kowulsa-da, özüniň bir çeträkda ýaşap ýörenine şükür edäýmeli. Oňa öňde garaşýan betbagtçylyk bulardan has ula meňzeýär.

Alymlar "Älemiň häzirki ýagdaýy uzak ömürli. Ol nähili-de bolsa, milliardlarça ýyl bäri bar, ýöne onuň durnuksyz bolup, bir gün çökmegi mümkin" diýip, köp wagt bäri aýdyp gelýärler. Bu ýöne ýere, delilsiz aýdylanok. Ol kwant mehanikasynyň düýp prinsiplerine esaslanýar. Bu ýerde alymlaryň göz öňünde tutýany wakuumyň ýagdaýy we elementar bölejikleriň energiýasynda bolan sähelçe özgerişiň Älemi häzirki formasyndan çykarmak ähtimallygy.

Günorta Daniýa uniwersitetiniň fizikleri täze hasaplamalarda alnan netijeleriň alymlaryň bu pikirlerini tassyklaýandygyny aýdýarlar. Olar şeýle hem Älemiň çökme howpy ozal çak edilişinden has ýokary diýen netijä gelýärler.

Iru-giç Älemdäki güýçlerde bolan düýpli süýşme ondaky kiçijik bölejikleriň aşa agralmagyna getirer. Ýer şaryndaky çägäniň her bir dänejigi, Gün ulgamyndaky ähli planetalar we Älemdäki galaktikalar häzirkisinden millionlarça milliard esse agralar. Täze agyrlyk ähli zady gysyp, aşa gyzgyn, aşa agyr şarjagaza, ýagny logala öwrer. Bu hem biziň häzir bilýän we tanaýan Älemimiziň ömrüniň soňlandygy bolar.

"Faza transformasiýasy"

"Faza transformasiýasy" diýilýän – bu güýçli proses, mysal üçin, suw gaýnanda onuň buga öwrülmegi ýa magnit gyzanda öz güýjüni ýitirişi ýaly bir proses.

Higgs teoriýasy boýunça Uly ýarylyşdan soňra bir sekundyň milliarddan bir böleginiň ondan birinde wagt-giňişlik gurluşynda bolup geçen özgermäni emele getiren faza transformasiýasy bolupdyr. Şol geçişiň dowamynda göze görünmeýän higgs meýdany boş giňişligi gurşap alypdyr.

Elementar bölejikleriň käbiri bu meýdan bilen reaksiýa girişýär, bu prosesiň dowamynda hem energiýaly bolýar. Olaryň bu içki energiýasyna biz bölejigiň massasy diýýäris.

Günorta Daniýa uniwersitetiniň ylmy barlagçylary, 2013-nji ýylýň 12-nji dekabrynda uniwersitetiň internet saýtynda şeýle hem "Journal of High Energy Physics" ylmy žurnalynda habar bermeklerine görä, matematiki deňlemeleri ulanyp, edil maddanyň suwuk ýa gaty ýagdaýda bolşy ýaly, higgs meýdanynyň-da iki ýagdaýda bolup bilýändigini ýüze çykarypdyrlar.

Ikinji ýagdaýda bolsa higgs meýdanynyň dykyzlygy alymlaryň gözegçilik edeninden milliardlarça esse ýokary.

"Gabarçak" howpy

Bu aşa dykyz higgs meýdany bar bolsa, onda, suw gaýnanda köpürjik döreýşi ýaly, Älemiň bir ýerinde bu ýagdaýyň "gabarçak" emele getirmegi mümkin.

Onsoň gabarçak ýagtylygyň tizliginde tutuş giňişlige ýaýrap, higgs meýdanyny häzirki ýagdaýyndan täze ýagdaýa geçirer. Gabarçagyň içindäki elementar bölejikleriň ählisiniň agramy gabarçagyň daşyndakydan has ýokary bolar. Onsoň olar özara dartyşyp, aşa agyrlyk güýjüne eýe massa merkezlerini dörederler.

"Bular ýaly faza transformasiýasy köp teoriýadyr hasaplamalarda öňe sürülýar. Ýöne öň geçirilen hasaplamalarda käbir näbellilikler bardy" diýip, uniwersitetiň alymy Ýens Krog aýdýar:

"Biziň indi has takyk hasaplamalarymyz bar. Biz iki zady görýäris. Birinjisi, Älemiň çökmeginiň ähtimaldygy, ikinjisi hem, bu ähtimallygyň ozalky hasaplamalarda aýdylýanyndan has ýokarydygy".

Faza transformasiýasy Älemiň bir ýerinden başlap, beýleki ýerlerine ýaýrar. Çöküşiň bir ýerde eýýäm başlanyp, şu wagt beýleki ýerlere tarap süýşüp gelýän bolmagy-da mümkin.

Ýens Krog "Çöküş, belki, edil şu wagt, edil şu ýerden başlar ýa-da ol ýene bir milliard ýyldan Älemiň bizden uzak bir ýerinden başlanar. Ony bilemzok" diýýär.

Krog bilen onuň kärdeşleri fazanyň üýtgemegi baradaky çaklamalara baza bolup hyzmat edýän üç esasy deňlemäni gözden geçiripdirler. Bular, mysal üçin, ýagtylygyň bölejikleri bilen elektronlaryň, şeýle hem higgs bozony bilen kwarklaryň arasyndaky reaksiýalaryň güýjüni kesgitleýän beta funksiýalaryna degişli deňlemeler.

Fizikler şu wagta çenli her gezekde bu deňlemeleriň hersiniň üstünde aýratynlykda işläpdirler. Ýöne Günorta Daniýa uniwersitetiniň fizikleri bu deňlemeleriň üçüsiniň üstünde bir wagtda utgaşykly işläp bolýandygyny, olaryň biri-biriniň üstüni ýetirýändigini aýdýarlar. Alymlaryň bellemegine görä, üç deňleme bilelikde ulanylanda, fazanyň üýtgemeginiň çöküşe getirme ähtimallygy has-da artýar.

Fazanyň üýtgemegi baradaky teoriýa Älemiň çökmegini öňe sürýän ýeke-täk teoriýa däl. Bu pikiri "Uly çöküş" (Big Crunch) diýilän teoriýa-da öňe sürýär. "Uly çöküş" Älemiň döremegi baradaky "Uly ýarylyşa" esaslanýar, has dogrusy, onuň edil tersi. Standard model boýunça, Uly ýarylyşdan soňra ähli materiýa bir kiçijik nokatdan Äleme atylypdyr. Bu giňelme (Älemiň giňelmegi diýlende onuň biri-birinden uzak künjekleriniň arasyynyň has-da uzaklaşmagy we netijede olaryň biri-birinden barha daşlaşmagy göz öňünde tutulýar) şu wagt hem dowam edýär. "Uly çöküş" teoriýasynda bolsa giňelme belli bir ýerde togtar we özara dartyşmanyň netijesinde ähli zat iň soňunda gaýtadan ýene-de bir kiçijik nokatda jemlener diýilýär.

Giňelme tizligi

"Soňky ylmy derňew Älemiň giňelme tizliginiň barha artýandygyny görkezýär. Kosmologik gözleglerden çen tutsaň, Älem çöker diýip pikir etmäge hiç bir delil ýok. Şol sebäpden onuň çökmegine getirjek Uly çöküş bolmasa gerek" diýip, Krog aýdýar.

Dogry, täze hasaplamalar boýunça Älemiň çökme ähtimallygy öňkülerinden has ýokary, ýöne onuň asla bolmazlygy-da mümkin. Faza transformasiýasynyň ilkinji şerti – Älemiň häzir bilinýän we higgs bozonyny hem öz içine alýan elementar bölegiklerden durýan bolmagy. Älem entek üsti açylmadyk başga bölejikleri-de öz içine alýan bolsa, onda fazanyň üýtgemegi baradaky çaklamalar esassyz bolýar.

Günorta Daniýa uniwersitetiniň fizikleriniň arasynda higgs bozonynyň elementar bölejikdigine ynanmaýanlar-da bar. Olaryň garaýşyça, higgs bozony tehni-kwarklar diýilýän kiçeňräk bölejiklerden durýar. "Super simmetriýa" teoriýasy-da häzir bar bolan bölejikleriň Älemiň haýsydyr bir ýerinde entek üsti açylmadyk taýlarynyň bardygyny öňe sürýär.


ÇEŞMELER

http://sdu.dk/en/Om_SDU/Fakulteterne/Naturvidenskab/Nyheder/2013_12_12_collapsing_universe
http://arxiv.org/abs/1306.3234
http://www.sciencedaily.com/releases/2013/12/131212113034.htm
http://phys.org/news/2013-12-collapse-universe-closer.html
http://www.isciencetimes.com/articles/6521/20131214/collapse-universe-higgs-particle.htm
http://www.seelen-kristall-kraft.de/144286007/1601196/posting/
XS
SM
MD
LG