Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Arslan: "Gullukdan soň gara işde işledim"


Türkmen esgerleri köçäni süpürýärler.
Türkmen esgerleri köçäni süpürýärler.
5-nji martda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan ýaşlary Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinden boşatmak we gulluk ýaşyna ýeten Türkmenistanyň raýatlaryny bolsa harby gulluga çagyrmak” baradaky permana gol goýdy.
Bu permana laýyklykda çagyryş boýunça harby gulluk möhletini tamamlan gullukçylar 2014-nji ýylyň aprel-iýun aýynda Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinden we beýleki goşunlaryndan harby gullukdan boşadylar, diýip türkmen metbugaty habar berýär.
Eýsem, harby borjuny tamamlan türkmen ýigitleriniň öňünde mundan soň nähili meseleler durýar? Gullukdan soň olaryň işe, ýokary okuw jaýyna ýerleşmek mümkinçilikleri nähili? Gullukdan soň, nähili tejribeleri başdan geçirýärler? Şeýle-de, heniz gulluga gitmedik ýaşlar Türkmenistanyň harby gullugy barada näme pikir edýärler?
Bu soraglara daşary bilimini Türkiýede dowam etdirýän Maksat, Ukrainada okaýan Arslan we Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurban jogap berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
Garaýyşlaryňyza aşakdaky teswir bölüminde garaşýarys.

XS
SM
MD
LG