Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kiýewde gargalýanlar gündogarda gahryman


Ozalky "Berkut" ofiserleri rus paportyny alýarlar
Ozalky "Berkut" ofiserleri rus paportyny alýarlar
Kiýewde we Günbatar Ukrainada, Ýewromaýdan protestleri mahalynda polisiýa bilen çaknyşan we kähalatda öldürilen adamlar gahyrmanlar we şehitler diýlip atlandyryldy.

Emma Ukrainanyň gündogaryndaky rus dillileriň köpüsi pitnä garşy duran polisiýany gahryman hasaplaýar.

Ýuriý Siwonenko özüniň 25 ýyl mundan öň, tälim üçin, saýlama polisiýa güýçleriniň hataryna seçilip alnyşyny buýsanmak bilen ýatlaýar. «Berkut» ýa-da «Altyn bürgütler» diýlip bilinýän ýörite polisiýa otrýadlary köpçülikleýin bidüzgünçilikleriň öňüni almak we guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek üçin taýýarlanypdy.

Emma «berkutçylar» diýlip tanalan kasam astyndaky ofiserler, köçe gozgalaňlary bilen baglylykda, Wiktor Ýanukowiçiň saýlan gylyç-galkany, kähalatda bolsa ýowuz repressiýanyň guraly bolmaly boldy.

«Berkutçylar» Kiýewde Ýewromaýdan dramasynyň otrisatel gahrymanlary hasaplanýar, emma ýurduň günortasyndaky rus dilli ilat olara düýpden başgaça garaýar.

«Berkutyň» ozalky kapitany we ýumruklaşma urşy boýunça tälimçi Siwonenko onuň weteranlar birleşiginiň hem agzasy. Ol Ýanukowiç Kiýewden gaçandan soň Doneskä gaýdyp gelen ýerli ofiserleriň köpüsini garşylan adam:

“Biz olaryň Kiýewden dolanyp gelenlerindäki hal-ahwallaryna syn etdik. Olar kire basdyran, üst-başlary ýanyk-ýyrtyk, ýaraly adamlardy. Olar şeýle argyndylar. Olar gidenlerinde 23-25 ýaşly ýigitlerdi, emma gaýdyp gelenlerinde 40 ýaşly adamlara çalym edýärdi. Olar halys surnugandy, ýöne ýeňlen däldi. Biz olary gahrymanlar hökmünde garşy aldyk.”

Gahrymançylyk toslamalary

Ýewromaýdanda dökülen gan we bu ýerde bolan wakalardan galan ruhy täsir gahrymanlar babatdaky täze bir pikir-garaýşy, toslamalary kemala getirýär. Onsoň, Maýdanyň tarapdarlarynyň nukdaýnazaryndan, bu wakada wepat bolan onlarça adam azatlyk ugrunda göreşen gahrymanlar hasaplansa, ýurduň günortasyndaky rus dilli ilat buýrugy ýerine ýetirmek üçin egin-egne berip, ýurduň saýlanan prezidentiniň goragynda hepdeläp döş geren ofiserleri gahrymanlar atlandyrýar.

Günorta Doneskde hem, Krymdaky ilatyň aglaba bölegi ýaly, Wiktor Ýanukowiçiň işden çetleşdirilmegini bikanun hasaplaýan adam kän we, «Berkutyň» öňki ofiserleri mähelläniň öňünde çykyş edenlerinde, Orsýete tarapdar demonstrasiýaçylar «Berkut!», «Berkut!» diýip gygyrýar.

Bu ýagdaýa onlarça ýyllap ýanaşyk ýaşan ukrainalylar bilen orsýetlileriň käbiriniň arasynda barha ulalyp barýan böwşeşeňlik alamaty hömünde hem garamak mümkin.

Ukrainadakylar we daşary ýurlardaky adamlaryň köpüsi berkutçylaryň gazaply hereketlerine haýran galdylar. Berkutçy ofiserleriň bir Maýdan protestçisini doňduryp gelýän aýazly howada ýalaňaçlap, wejera edişlerini görkezýän wideoýazgy bolsa, köp adamyň ünsüni özüne çekdi.

Taýagyň iki ujy

Emma «Berkutyň» Aleksandr ýaly weteranlary (Doneskde doglan we atasynyň adyny aýtmakdan saklanan) bu ýerde taýagyň iki ujunyň bolandygyny aýdyp, aýak depýärler. «Näme üçindir, «Berkutyň» şeýle hereket etmeginiň sebäbini hiç kim soramaýar» diýip, ol aýdýar.

«Berkut» weteranlary we olaryň goldawçylary demir we zynjyr bilen ýaraglanan, ýangyçly bombalary dazladyp zyňýan protestçileri görkezýän wideoýazgylara salgylanýarlar. Olar gozgalaň wagtynda «Berkut» ofiserleriniň garyndaşlaryna haýbat atylan halatlarynyň bolandygyny hem sözlerine goşýarlar.

Ýöne indi weteranlar Kiýewdäki täze häkimiýetler, öz meýillerine görä, saýlabrak, Maýdandan soňky ar alyşlyga hem ýüz ursa gerek diýip pikir edýärler.

"Berkutyň" indiki ykbaly

Iş başyndaky içeri işler ministri Arsen Awakow 25-nji fewralda «Berkutyň» halkyň öňündäki abraýyny doly ýitirendigini aýdyp, olaryň dargadyljagyny duýdurdy.

Hemişe kalbynda «Berkut» babatda egindeşlik buýsanjyny göteren Aleksandr indi goramak, saklamak üçin göreşen döwletleri tarapyndan özlerine ikilik edilen ýaly duýgyny başdan geçirýändigini aýdýar:

“Bu görnetin dönüklik. Eger «Berkut» öz dowam eden 25 ýylynda özüne berlen ähli buýrugy ýerine ýetiren bolsa, muny başgaça nähili suratlandyrjak? Olar indi ondan dynjak bolýarlar, sebäbi kimdir birleri olar nädogry hereket etdi diýip hasaplaýar. Emma, meseläniň özenine gaýdyp gelsek, onda Kiýewde nädogry hasaplanan zat bu ýerde bolsa, ol nähili dogry hasaplanyp bilýär?”

Siwonenko hem Aleksandr indi Kiýewdäki häkimiýetler «Berkutyň» biraz üýtgedilen görnüşini gündogar Ukrainadaky demonstrasiýaçylary dargatmak üçin ulanmakçy bolýar diýip pikir edýär.

XS
SM
MD
LG