Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siz öz nägileligiňizi haýsy usul bilen aýan ederdiňiz?


"Türkmenbaşy Hip Hop" ýazylan ýazgy
"Türkmenbaşy Hip Hop" ýazylan ýazgy
Soňky döwürlerde türkmen ýaşlarynyň käbirleriniň belli bir derejede häzirki durmuşa, ýurtdaky alnyp barylýan syýasata, hökümete bolan öz nägileliklerini gyýtaklaýyn usul bilen, ýagny rep aýdymlary arkaly beýan edýän halatlaryna duş gelinýär.
Beýle usul daşary ýurtlaryň käbirlerinde eýýäm bar. Meselem, Siriýada dowam edýän çaknyşyklar, Ysraýyl-Palestina dartgynlylygy ýaly dürli jedelli meseleleri ele alýan rep aýdymlary sosial ulgamlarda näçe diýseň bar. Eýsem, siz öz nägileligiňizi bildirmek üçin haýsy usuly saýlaýarsyňyz?
Täze Tolkunyň nobatdaky gepleşiginde şu tema barada gürrüň ederis. Bu baradaky tejribeleriňizi we garaýyşlaryňyzy aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz.
Isleseňiz, öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp hem beýan ediň. Biz bilen aragatnaşyk gurmak isleseňiz, hat@azatradio.org email adresimize hat ugradyň. Özümiz siziň bilen habarlaşarys.
XS
SM
MD
LG