Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen ýaşlary internetde näme barada gürleşýärler?


Twitter sosial ulgamynyň logotipi
Twitter sosial ulgamynyň logotipi
Ýaňy ýakynda Türkiýede ýurduň premýer-ministri Taýyp Erdoganyň inisiatiwasy bilen, Twitter sosial ulgamy petiklendi. Käbir maglumatlara görä, Taýyp Erdogan Twitterde özüni we öz maşgalasyny korrupsiýada aýyplaýan maglumatyň çap edilmegini ýokuş görüpdir.

Häzirki wagtda türk ýaşlary hökümetiň bu eden işine köpçülikleýin garşylyk görkezýärler we netijede soňky günlerde Twitteri ulanýan türk ýaşlarynyň sany hatda ozalkysynda-da has artdy diýen maglumatlar bar.

Türkmen ýaşlarynyň arasynda-da Türkiýede Twitteriň çäklendirilmegi we bu baradaky maglumatlar dürli ýaňsyly tweetleriň ýazylmagyna sebäp bolýar.

Sosial ulgamyň Begenç Ýazow atly agzasy “Türkiyedäkiler bilen [indiden eýläk] duman [tüsse] arkaly habarlaşarys. Gurak [gury] odun toplaň” diýen degişmeli tweeti ýazyp, Twitteriň Türkiýede petiklenendigini aýdypdyr. Şeýle-de, ol Türkiýede Twittere girizilen “çäklendirmä çäre tapylar” diýip, “Twittere Türkiýeden girmegiň ýene bir ýoly” diýip, link ýerleşdirip, sosial ulgamyň beýleki agzalaryna maslahat beriji tweet ýazypdyr.

“Ertir.com”

“Ertir.com”-da bolsa, Mahinur atly agzanyň “Moda görämi ýa-da kada görä (gyzlar üçin)” diýen temasy sosial ulgamyň agzalarynyň arasynda uly gyzyklanma döredipdir. 24-nji martda gozgalan bu tema 27-nji marta çenli 1227 sapar okalypdyr we oňa 100 sany hem teswir galdyrylypdyr. Otuz iki sapar halanan bu temada gyzlaryň moda görämi ýa-da kada görä geýinmelidigi barada gürrüň edilýär.

Bu tema ilkinji ýazylan teswirleriň birinde Gyrandegen atly agza: “Gyz relýefini belli edýän geýimler köp geýilýär, bu geýmiň geýilmegindäki maksat nämeka?..” diýen soragy orta atypdyr. Angel balajyk atly beýleki bir agza bolsa “Goşulýan, awtor, gowy belläpsiñ! Menä sadadan skromnyja geýinseler halaýan” diýip, teswir galdyrypdyr. Selbi atly ýene bir agza bolsa “... Biziň-ä işimizem skromnylygy talap edyär” diýip, öz iş ýerinde talap edilýän egin-eşik düzgüni barada maglumat galdyrypdyr.

Bu tema boýunça ýazylan soňky teswirleriň birinde Sapar atly agza: “Meniň pikirimçe, her kim özüniň geýnişini görmeli, soňra ile baha kesmeli. Bir adama daşky görnüşi bilen baha berip bolmaz. Adamyň daşyna baha berýän adam samsykdyr meniň üçin” diýip, bu tema barada öz şahsy garaýyşlaryny beýan edipdir.

“VKontakte”

“VKontakte” sosial ulgamynda bolsa Şatlyk Sopyýew (Şatlyklip) atly agza ýa-da topar tarapyndan açylan pikir soralyşyk ünsümi çekdi. Pikir soralyşykda “Şamyrat Orazowyň haýsy aýdymyna klip düşürsek gowy bolar?” diýlip soralýar.

Pikir soralyşyga berlen jogaplaryň arasynda Şamyrat Orazowyň “Söýgi”, “Men bagtly” diýen aýdymlary bar. 25-nji martda açylan bu pikir soralyşyga 27-nji marta çenli jemi 64 adam ses berip, olaryň 34 sanysy “Söýgi”, 30 sanysy hem “Men bagtly” aýdymyna klip düşürmeli diýip ses beripdirler.

Şeýle-de, bu sosial ulgamda "DashOguz_GubaDag_United (DGU)" atly topar tarapyndan açylan ýene bir pikir soralyşygy hakdaky maglumaty siziň bilen paýlaşasym gelýär. 24-nji martda açylan bu pikir soralyşykda türkmenistanly ýedi gyzyň suraty ýerleşdirilipdir we onda şol gyzlaryň haýsysynyň iň owadan gyzdygy soralýar. Bu pikir soralyşyga 27-nji marta çenli jemi 194 adam ses beripdir we 16 sapar hem halanyp, iki gezek hem gaýtadan çap edilipdir.

Pikir soralyşygyň 27-nji martdaky netijelerine görä, 7-nji nomerde ýerleşdirilen gyz birinji orna mynasyp bolupdyr. Ol gyzyň kimdigi barada bäsleşigi gurnaýjylar häzirlikçe hiç hili dolurak maglumat bermändirler.
XS
SM
MD
LG