Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

M.Gurbanow: "Mejbury sport, ters netije berýär"


Sport çärelerine gatnaşýan türkmenistanlylar.
Sport çärelerine gatnaşýan türkmenistanlylar.
Türkmenistanda “Saglyk we Sport” aýy dowam edýär. Bu aý mynasybetli müňlerçe raýat ýurduň parklaryna gezelenje çykarylýar we olar özleriniň iş ýerlerinde gurnalýan bedeni berkidiş çärelerine gatnaşdyrylýarlar.

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda bu çärelere gatnaşdyrylýanlaryň we gürrüňi edilýän sport maşyklaryny ýerine ýetirilmeli edilýänleriň bolsa mekdep okuwçylary we ýokary okuw jaýynyň talyplarydygy aýdylýar.

Täze Tolkun gepleşigimizde bu aýyň başlanmagy bilen paýtagt Aşgabatda we Lebap welaýatynda göze ilýän üýtgeşiklikler barada Türkmenistandaky habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolduk.

Şeýle-de, ýurtda dowam edýän sport aýy mynasybetli geçirilen çäreleriň birine gatnaşan lebaply ýaşlaryň biri Serdar bilen hem söhbetdeş bolduk. Ol gatnaşan şol çäresinde adamlaryň ýasama hereket edendigini aýdýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň. Teswirleriňizi bolsa aşakdaky teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz.
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG