Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Sportsmenleriň iýmit goşmaçalary zyýansyz"


Kik boksçy Dzmitriý Walent.
Kik boksçy Dzmitriý Walent.
Täze Tolkun ýaşlar gepleşigimizde “Sportsmenler we olar üçin niýetlenen ýörite iýmit goşmaçalary” barada ýokary bilimini daşary ýurtlaryň birinde dowam etdirýän türkmen sportsmeni Azat, sport bilen yzygiderli gyzyklanýan Azatlyk Radiosynyň işgäri Merdan we Aşgabatdaky habarçymyz Myrat Gurban bilen söhbetdeş bolduk.

Azat geçen tomus Türkmenistana baranynda sportsmenler üçin niýetlenen iýmit goşmaçalaryna ýurtda duş gelendigini aýdýar. Emma mundan iki aý ozal ýurda sapar eden Merdan bolsa şeýle önümlere ýurduň ýörite sport dükanlarynda we sport, fitness merkezlerinde asla duş gelmändigini belleýär. Habarçymyz Myrat hem ençeme sport, fitness merkezine we ýörite sport dükanyna aýlanandygyny, emma takyk jogap alyp bilmändigini gürrüň berdi.

Şeýle-de gepleşigimizde sportsmenler üçin niýetlenen bu iýmit goşmaçalarynyň nämedigi we ony kimleriň nähili usulda ulanmalydygy barada Türkiýäniň belli iýmitleniş we berhiz bilermenleriniň biri Ferin Batman bilen hem söhbetdeş bolduk.

Söhbetdeşligiň doly görnüşini aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz. Garaýyşlaryňyza teswir bölüminde garaşýarys.
please wait

No media source currently available

0:00 0:29:59 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG