Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Arzaçylar: Halk bilen hökümetiň arasy


Adalat ministrliginiň öňündäki heýkel, Aşgabat
Türkmenistanda metbugat we söz azatlygy bolmansoň, adamlar häkimiýetlere arzyny eşitdirmek üçin Azatlyk Radiosyna barha ýygy-ýygydan ýüz tutýarlar.

Ýurt içinden gowuşýan habaralar görä, Türkmenistanda soňky ýyllar häkimiýetlere iberilen arz-şikaýatlar üstünden arz edilen ýolbaşçylara gelip gowuşýar we netijede arz eden adamyň “garadonly” edilýän, “arzaçy” diýlip ýekirilýän wagty hem az bolmaýar.

Bu ýagdaý jaýy ýykylyp, ýerine jaý alyp bilmeýän, ýa-da beýleki sosial adalatsyzlyklar zerarly kösenýän raýatlaryň barha köpelmegine, raýatlar bilen hökümetiň arasynyň has açylmagyna getirýär diýip, ýurt içindäki çeşmeler aýdýar.

Ýerli synçylar şu meseläniň daşynda pikir alşyp, häkimiýetler bilen halkyň arasyndaky boşlugy giňeltmezlik üçin edilmeli işler barada öz garaýyşlaryny aýtdylar.

Söhbetdeşligi diňläp, pikirleriňizi aýdyň. Pikirleriňize garaşýarys.
Tegelek stol: Arzaçylar: Halk bilen hökümetiň arasy
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle

Teswirleri gör (18)

Şu forum ýapyk
XS
SM
MD
LG