Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin NATO-nyň täze başlygyny gutlaýar


 Jens Stoltenberg
Jens Stoltenberg
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin NATO-nyň täze başlygy wezipesine Norwegiýanyň ozalky premýer-ministri Jens Stoltenbergiň seçilmegini gutlady.

Döwlet eýeçiligindäki «Rossiýa» telekanalyna beren interwýusynda Putin özüniň Stoltenberg bilen «örän gowy» gatnaşykda bolandygyny aýtdy. Bu interwýu 19-njy aprelde efire berildi.

Ol oktýabr aýynda NATO-nyň baş sekretary wezipesine girişmeli Stoltenbergi «örän çynlakaý, jogapkärçilikli adam» diýip häsiýetlendirdi we onuň bu wezipä bellenmeginiň gatnaşyklary gowulandyrmagyna umyt bildirdi.

Gepleşik efire berilmezden öň habar gulluklaryna berlen stenogramma görä, Putin "Geliň onuň öz täze wezipesinde nähili gatnaşyk gurjagyny göreliň" diýipdir.

Orsýet bilen NATO-nyň arasyndaky gatnaşyklar, Orsýet Krymy anneksiýa edeninden soň, Sowuk uruş gutaraly bäri iň ýaramaz derejä geldi.

Putin Orsýetiň Ukrainadaky hereketi bölekleýin NATO-nyň gündogar Ýewropa giňelmeginiň täsiri netijesinde boldy diýdi.

Putin «Rossiýada» berlen çykyşynda NATO-nyň häzirki başlygy Anders Fog Rasmusseniň Daniýanyň premýer-ministri bolup işleýän wagtynda özi bilen eden hususy gürrüňini gizlinlikde ýazga geçirip, soňam daşa syzdyrandygy baradaky aýyplamasyny gaýtalady.

Rasmussen bu aýyplamany ret etdi.

Putin Günbatar bilen «kadalaşmagy we kadaly hyzmatdaşlygy bökdeýän hiç zat bolmady» diýdi, «emma munuň amala aşmagy Günbataryň özüne baglydy» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

"Bu bize bagly däl. Has dogrusy, diňe bize bagly däl. Bu biziň partnýorlarymza bagly" diýip, ol aýtdy.

Putin Günbataryň Orsýetiň arka durmagynda Krymyň garaşsyzlygy babatda geçirilen referendum baradaky tankydyny ret etdi. Ol ilatyň 83 prosent gatnaşygyny galplaşdyrmagyň «mümkin bolmajagyny» aýtdy.

Ol ýarymadany ele geçirmäge kömek eden rus harby gullukçylaryny medal bilen sylaglamagy planlaşdyrýandygyny hem sözüne goşdy.

Şeýle-de Putin Ukrainany bir aý içinde öz gaz bergilerini üzmäge çagyrdy.

"Biz hemişelik garaşyk bilemzok, emma muňa garamazdan, Orsýet Ukrainanyň ykdysadyýetini çökermekçi bolmaýar" diýip, ol aýtdy.

Ol ýewropa ýurtlarynyň ählisini Ukrainanyň býužetini maliýeleşdirmegiň çäresini tapmak barada pikirlenmäge çagyrdy.

Rus prezidenti bu sözleri Ženewada, Orsýetiň, Ukrainanyň, Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň arasynda bolan gepleşiklerden iki gün soň aýtdy. Ol gepleşiklerde Ukrainadaky krizisi çözmek üçin görülmeli çäreler tapgyry barada şertnama baglaşylypdy.
XS
SM
MD
LG