Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: 'Ýigitleri betbagt etmäýin diýdim'


Çärä gatnaşýan studentler
Çärä gatnaşýan studentler
Pawlik Morozow

Bir etrap häkimini wezipesinden boşadyp, ornuna başga birini hakim bellemek Türkmenistanda häli-şindi bolýan ýagdaý.

Bir gezek şeýle bolýar. Işden boşadylan häkim hem-de wezipä bellenen hakim öňden tanyş eken. Täze häkim öňki häkime “Pylany, köpden bäri birek biregi tanaýarys.Göwne degşen ýerimiz ýok. Etrapda jogapkär wezipelerde işleýän dogan-garyndaşyň, dost-ýaryň bar bolsa, atlaryny aýt, olary wezipesinde saklaýyn. Bilmezlikden olary işden aýyrsam, aramyza öýke-kine düşer-diýipdir.

Öňki häkim: "Öz dilim bilen dogan-garyndaşymy, dost-ýarymy saňa satar ýaly men beýle akmak däl. Menden SSSR döwründäki gahryman pioner Pawlik Morozowy ýasajak bolma" diýipdir.

Ýene-de azar berýäňiz

Mugallym sapaga taýynlyksyz gelen okuwça “Pylanow, ýaltalygyň gözüne gül salýaň. Sapaga ýene taýynlyksyz gelipsiň. Klasdaşlaryňdan utan!” diýýär.

Okuwçy: "Size düşüner ýaly däl. Ozal iki aý mekdepde okuwy ýatyryp, pagta ýygdyrdyňyz. “Klasdaşlaňdan az ýygmaga utanaňokmy?” diýip igendiňiz. Günde-günaşa çärä äkidýäňiz. “Pylanow, hüňürdiňi bes et. Bagtyýarlyk zamanasynyň, Altyn asyryň merjen dänesidigiňe buýsan!” diýip igenip, gulagymyzy kamata getirýäňiz. Indem “Sapaga taýynlyksyz gelipsiň” diýip igenýäňiz. Utanmaly bolsa, özüňiz utanyň! Klasda bir günümize goýuň! Igenmegi bes ediň!" diýipdir.

Özümi tanaýaryn

Bir gyz wagtynda durmuşa çykman 30 ýşa ýetipdir. Boýdaşlarynyň biri “Ýigitlere göwnüň ýetmän, şu garrygyz hala düşdüň. Şonça ýigidiň içinden özüňe mynasyby tanap, saýlap bilmediň” diýip, oňa igenýär.

Garrygyz: "Sen ýalňyşýaň! Oňat ýigitleri saýgaryp-seljerdim. Ýöne öz-özümi oňat tanaýanym üçin 'Gül ýaly ýigitleri betbagt etmäýin' diýip, olara durmuşa çykmadym-diýip, oňa ýagdaýy düşündiripdir.


Ösen aň-düşünje

Iki türkmenprofessory sataşýar. Olaryň biri akyllysyrap beýlekisine “Aň-düşünje ösýär. Biz dünýä siwilizasiyasy bilen, ösen aň-düşünje bilen deň gadam urýarys. Senem edil men ýaly professor, şu aň öwrülşigine düşünýärmiň? Oňa anyk mysal getirip biljekmi?” diýipdir.

Beýleki professor: "Dogry aýdýarsyň! Durmuşda oňa mysal näçe diýseň bar. Meselem, türkmende “It üýrer, kerwen geçer” diýen nakyl bar. Ol itiň kerwene üýrýändigi sebäpli dörän nakyl. Häzir düýe kerweni ýok. Şonuň üçinem itler demirýoldan ýöräp barýan otla üýrýär. Bu aň öwrülşigi" diýipdir.

Il içinden çöpläp taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG