Ýewrowideniýe aýdym bäsleşigi käte öz aýdymlary bilen däl-de, galmagal bilen ýatda galýar.
Ýewrowideniýe: Ýatdan çykmajak skandallar

1
"Buranowskiýe Babuşki" toparynyň aýdymçylary 2012-nji ýylda Ýewrowideniýe bäsleşiginde öz ene dillerinde, udmurtça aýdym aýdanlarynda, gowy bir täzelik hökmünde garşylanypdy. Emma şondaky 'grannileriň' bir topary Kremliň Krym syýasatyny goldaýan hata gol çekdi.

2
2014-nji ýylda ermenistanly aýdymçy Aram Mp3 awstraliýaly aýdymçy Konçita Wurstiň (Conchita Wurst) sakgaly barada gelşiksiz zatlary aýdyp, Ýewrowideniýe janköýerleriniň gaharyny getirdi. Aram biraz soň telewideniýede ötünç sorady.

3
Azerbaýjanly aýdymçy Farid Mammadow (sagda) 2013-nji ýylda Malmoda (Swesiýa) jemleýji konsertde çykyş edýär. Nebite baý Azerbaýjan Swesiýa tarapyndan birnäçe ýurtda žýuri agzalaryna para bermek synanyşygynda aýyplananda, uly galmagal turdy. Bu ýagdaý Ýewrowideniýe guramaçylaryny has gowy aýdyňlyk üçin žýuri ses berişligini derňemäge mejbur etdi.

4
Ýewrowideniýe bäsleşigine gatnaşýan aýdymçylar ýaryş wagtynda syýasy işlerden saklanmaga çagyryldy. Emma 2012-nji ýylda Bakuwdaky bäsleşikde ýeňiji bolan şwesiýaly aýdymçy Lorin (Loreen) finaldan ozal azeri aktiwistleri bilen duşuşdy, biraz soň bolsa, syýasy tussaglaryň maşgalalary bilen duşuşmak üçin Belarusa gitdi.