Ukrainanyň gündogaryndaky Bahmut şäheriniň satellitden alnan täze suratlary Ukraina bilen rus goşunlarynyň arasynda, birnäçe aýlap dowam eden söweşleriň getiren heläkçiligini görkezýär.
Russiýanyň Ukraina basyp girmegi sebäpli dowam edýän üpjünçilik zynjyrlarynyň bozulan döwründe, haryt bazarlarynda hoş habar hem bar: dünýäde iň ýokary bugdaý öndüriji 10 ýurduň biri bolan Pakistan rekord hasyl barada habar berdi.
Içi ýagty awtobus – ýokary tehnologiýaly medisina transporty ýaraly bolanlary göçürýär. Zerur tehnika bilen üpjün edilen awtobus arkaly meýletin lukmanlar Bahmut front liniýasynda, agyr ýaralanan esgerlere ilkinji möhüm kömegi berýärler.
Finlýandiýa NATO girmek bilen bileleşigiň ýarag enjamlarynyň düýpli üpjünçiligini, şol sanda Ýewropanyň iň uly artilleriýa ýaraglarynyň toplumyny doldurdy. Häzirki wagtda Helsinkiniň eýe bolýan harby enjamlarynyň has möhümleriniň we aýratyn maksatly görnüşleriniň birnäçesi.
Ukrainanyň harbylary “Wagner” hususy harby toparlaryň (HHT) ýolbaşçylygyndaky rus güýçleriniň birnäçe aýlap dowam eden gazaply hüjümlerinden soň, ýurduň gündogarynda gabawda galan Bahmut şäherinde ýagdaýyň durnuklaşandygyny aýdýarlar.
Bolgariýanyň paýtagty Sofiýanyň merkezinde sowet soldatlaryna gurlan meşhur ýadygärliklere garşy ýaňy-ýakynda bolan wandalizm Kremle garşy hereketlerden iň täzelerinden biri bolup durýar.
Ukrainaly meýletinçi uruş zerarly boşap galan obalara azyk we suw äkidip, eýesiz haýwanlary halas edýär. Şäher ýaşaýjylarynyň köpüsi uruşdan gaçyp, itleri we pişikleri taşlap gitdiler.
Türkmenistanyň we türkmenistanlylaryň durmuşy bilеn bagly gyzykly pursatlary şekillendirýän fotosergi.
Türkiýede we Siriýada bolan ýer titremeleriň netijesinde müňlerçe adam heläk boldy we ýaralandy.
Baýden administrasiýasy "31 M1 Abrams" söweş tanklaryny Ukraina iberjekdigini yglsn etdi. Kiýewiň häkimiýetleri muny oňyn garşy alyp, munuň 11 aý bäri dowam edýän söweşiň ugruny üýtgetmeginiň mümkindigini aýtdylar. Azatlyk Radiosy "Abrams" tanklarynyň taryhyna we aýratynlyklaryna gysgaça göz aýlady.
Ýene-de ýükle