Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

S.Açilowa: "Emläklerimizi birugsat aýyrýarlar"


Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonyndaky ýaşyl reňkdäki ýaşaýyş jaýlary ak reňke boýalýar.
Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonyndaky ýaşyl reňkdäki ýaşaýyş jaýlary ak reňke boýalýar.
Paýtagt Aşgabadyň Parahat-7 mikroraýonyndaky ýüzlerçe hojalyk ýaşaýan onlarça ýaşaýyş jaýlarynyň ýaşyl reňkden ak reňke boýalýanlygy sebäpli ýaşaýyş jaýlaryň daşyndaky sowadyjy enjamlar we saýawanlar degişli resmiler tarapyndan aýryldy.

Belläp geçsek, Parahat-7 mikroraýonyndaky ýaşaýyş jaýlarynyň daşyny ak reňke boýamak çäresi, ýakynda prezident G.Berdimuhamedowyň bu sebite dikuçar bilen eden saparynyň yz ýanyna gabat geldi.

Ýurtdan gelip gowşan maglumatlara görä, sowadyjy serişdeleridir saýawanlary pul berip aýyrdan ýaşaýjylar ony gaýtadan dakdyrmak üçin hem belli bir derejede çykdajy etmeli bolýarlar.

Azatlyk Radiosy Parahat-7 mikroraýonyndaky bu ýagdaýlara ýakyndan şaýat bolan we bu sebitiň ýaşaýjysy Soltan Açilowa bilen söhbetdeş boldy. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:17 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG