Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan 2014-den soň...


Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedi 744 kilometere barabar bolup, onuň goragy barada dürli soraglar bar.
Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedi 744 kilometere barabar bolup, onuň goragy barada dürli soraglar bar.
2014-nji ýylda halkara harby güýçleriniň Owganystany terk etmegi bilen bu ýurduň howopsyzlyk ýagdaýy, ýurtda hereket edýän dürli ýaragly toparlaryň Owganystana abandyrýan we abandyryp biljek howpy hakda dürli maglumatlar we çaklamalar bar.

Şeýlede, Owganystanda emele geläýjek islendik ýagdaýyň onuň goňşularyna, şol sanda Türkmenistana ýiti täsiriniň boljakdygy çak edilýär. Sebäbi Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedi 744 kilometere barabar bolup, onuň goragy barada dürli soraglar bar.

Soňky döwürlerde, serhet ýaka etraplarynda dürli wakalaryň ýüze çykyp başlamagy, wagtal-wagtal serhet aşyr çaknaşyklaryň bolmagy, hatda şu ýylyň fewral aýynda 3 sany türkmenistanly serhetçiniň "Talyban" hereketi tarapyndan atylyp öldürlmagi ýaly ýagdaýlar bu baradaky howsalany barha artdyrýar.

Edil şu ýagdaýlary nazarda tutup, Azatlyk Radiosy soňky döwürlerde türkmen-owgan serhedi bilen baglanyşykly yzygiderli maglumat berýär. Şol maglumatlarda serhet ýaka etraplarynda ýaşaýan adamlaryň hal ýagdaýlary, Türkmenistanyň Owganystan baradaky sýyasaty ýaly meseleler hakda gürrüň edilýär.

Bu temany owganystanly hem-de türkmenistanly ekspertleriň nukdaýzaryndan ençeme gezek ele aldyk, gepleşigimiziň nobatdaky tapgyrynda bolsa, bu barada Merkezi Aziýa boýunça tanymal halkara we regional ekspertleriň gatnaşmagynda gürüň etmekçi.

Eger bu meselede soragyňyz bolsa, ýa Türkmenistanyň edýän ýa etmeli işleri hakda öz garaýyşyňyzy aýytmakçy bolsaňyz, aşakdaky forumdan peýdalanyp bilersiňiz. Öz pikiriňizi gepleşigimize gatnaşyp beýän etmekçi bolsaňyz, bize hat ýazyň, özümiz siz bilen habarlaşarys. Salgymyz: hat@azatradio.org
XS
SM
MD
LG